WITAMINE IŇ BAÝ MIWELER

17:35 03.03.2023

https://ussatnews.com/storage/posts/5130/original-16401e98d7dfe3.jpeg

Dogry iýmitlenmek üçin, köp mukdarda witaminlere we minerallara baý bolan tebigy önümleri iýmitiňize goşmaly. Esasanam, kletçatka baý önümleri iýmeli.Ol iýmit siňdiriş ulgamyny gowulandyrýar ol hem organizme peýdaly täsirini ýetirýär.Käbir alymlar iň peýdaly miweleriň adamyň ýaşaýan klimat zolagynda ösüp ýetişýändigini belleýärler. Ähli miwelerde hem peýdaly maddalar bar. Emma iýmişlerinde köp mukdarda şeker saklanýandygyny unutmaly däl. Miweleri günortandan öň iýmelidigini subut etdiler. Aşakdaky witamine iň baý miweleri öz iýmitiňize goşmak maslahat berilýär:

Kiwi-düzümi witaminlere baý, peýdaly miwe: düzüminde A,C,E,K,D,B witaminler, karatinoidler, ösümlik belogy we kletçatka bar. Minerallardan kalsiý, fosfor we kaliý saklanýar. Ol içegäniň sagdyn bolmagyna täsirini ýetirýär, organizmden galyndylary çykarýar.Bu peýdaly miwäni aşgazan baş keselinde we turşulygyň ýokary bolanda iýmek bolmaýar.

Nar-bu miwe içegede gerekli bolan iýmit süýümlerini özünde saklaýar.Ondan başga-da narda kaliý, C, K witaminler we beýleki peýdaly mikroelementler saklanýar.Düzüminde demriň mukdarynyň köp bolandygy sebäpli göwreli aýallara has hem peýdalydyr. Bu miwe ganazlyga garşy göreşmekde ýardam edýär we çaganyň organizmdäki madda çalşygyny ýola goýýar.

Hurma-A,C,E,K,B6 witaminlerini we kaliý, magniý mikroelementlerini saklaýar.Hurmada köp tanin saklanýar, ol bolsa agzyňy gamaşdyryjy tagam berýär.Hurma damar diwarlaryny berkleşdirýär, böwregiň işini kadalaşdyrýar, galkan görnüşli mäziň ýagdaýyny gowulandyrýar.Ondan başga-da immuniteti güýçlendirýär.Günde 2 sany hurma iýmek maslahat berilýär.

Banan-köp mukdarda kaliý, magniý, Ç we B6 witaminlerini saklaýar.Doly bişmedik miweleri köp pektin saklaýar, ol hem iýmit siňdirişine peýdaly täsirini ýetirýär.Banan sustypeslige garşy, gan basyşyny peseltmekde we energiýa bermekde peýdaly miwedir. Günüň dowamynda iki banandan köp iýmek maslahat berilmeýär.

Näzikjemal Hojaýewa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
1629669a01ee02.jpeg
Okamagyň peýdasy

Google-yň geçiren gözlegleri häzirki wagtda dünýä ýüzünde 129 milliondan gowrak kitabyň (çeper, publisistik we ylmy eserler) bardygyny görkezýär. Ynsan okamak bilen durmuşa göz ýetirýär, düşünjesini giňeldýär, aň taýdan ukyp-başarnyklaryny artdyrýar.


1628d41504f559.jpeg
Ysgynsyzlygy, ýadawlygy nädip ýeňmeli?

Ýadawlyk her bir ynsana mahsus häsiýetleriň biridir. Elbetde, fiziki, aň işjeňligi, gündelik zähmet adamyny belli bir derejede surnukdyrýar. Şeýle ýagdaýlarda sagdyn uky, dynç alyş, dost-ýarlaryň, maşgala agzalaryň bilen gyzykly, şadyýan wagtgeçirmeler ýadawlygyňy aýyryp, güýç-kuwwatyňy dikeldýär. Eger-de, toplanan ýadawlyk birnäçe günüň dowamynda saklanyp, bedeniň güýç-kuwwaty dikelmeýän bolsa, onda ol öz saglygyňa, ýaşaýyş-durmuş şertleriňe üns bermelidigiň aýdyň alamatydyr.


16293bc6ae5cac.webp
Ýeňil atletikanyň saglyga peýdasy

Ýeňil atletika bedeniň umumy işjeňligini artdyrýar we ýürek-damar ulgamyny güýçlendirýär, sebäbi aýaklaryň myşsalarynyň hemişe dartylmagy we rahatlanmagy amala aşyrylýar. Kapillýarlaryň gowy türgenleşigiň netijesinde has çeýe häsiýete eýe bolmagy bilen, ownuk gan damarlarynyň bedeniň dürli ýerlerine köp kislorod we ýokumly maddalar eltip bermäge ukyplary ýokarlanýar. Şeýle hem bedeniň alyş-çalyş prosesi ýokarlanýar, artykmaç kaloriýa işjeň sarp edilýär.


1628d3e8542a1f.jpeg
Woleýbolyň peýdasy

Woleýbol 1895-nji ýylda amerikaly gimnastika mugallymy bolan Willýam Morgan tarapyndan oýlanyp tapylypdyr. Şeýle-de, sportuň bu görnüşi meşhurlykda futboldan soňra ikinji orunda durýar, maglumatlara görä, häzirki wagtda dünýäde bir milliarda golaý adam woleýbol bilen meşgullanýar.


162972ddab7386.jpeg
KOKOS AGAJYNYŇ PEÝDASY

Alymlaryň bellemegine görä, kokos agajy biziň günlerimize çenli saklanyp galan dünýädäki iň gadymy ösümlikleriň biri. Agajyň uzynlygy 25 metre, ýapraklarynyň uzynlygy 4 metre çenli ýetýär.