Näme üçin irden limonly suw içmeli?

Güniňizi bir stakan kofe ýa-da gyzgynjak çaýdan lezzet alyp başlamany halaýaňyzmy? Size bu içgilerden hem lezzetli limonly ýyly suw içmegi maslahat berýäs. Näme üçin diýýäňizmi? Aşakda munyň birnäçe sebäbi getirilen.
Her bir ynsan hassa bolanda gowlaşmak üçin ,, jadyly derman “ kömegi ýa-da medisina tehnologiýasyna ynanýar. Emma hassa bolmanka dermanlardan hem güýçli häsiýete eýe, ýönekeý we peýdaly zatlary ulanmagy ýatdan çykarýar ýa-da islemeýär.
Ýyly suwa limon salyp içmek gündelik detoksikasiýa mehanizimini tizleşdirýär. Limon şerbeti toksinler bilen göreşmekde kömek edýär, suw bolsa ol toksinleri peşew ýoly bilen ýuwup çykarýar. Mundan başga-da limonly suw madda çalyşygyny sazlaýar, immuniteti ýokarlandyrýar. Bu içgi aşgazan ýollaryny gowulandyryp işdäňi açýar. Güniň dowamynda bir stakan limonly ýyly suw iýmitimiziň kadaly siňmegini üpjün edýär.
Täsirini güýçlendirmek üçin birnäçe limon böleklerini alyň we gabygy bilen bile stakanda ýençgiläp suwuk ýagdaýa gelýänçä eziň, üstüne biraz gaýnan suw guýup sowaýança demine goýuň we irden ertirlik edinmänkäňiz ilki içgini içiň. Bu içgi aşgazan we iýmit siňdiriş ýollarynyň näsazlyklaryny tiz aradan aýyrýar.
Oguljeren POTYKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agroekologiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.