Peýdaly maslahatlar

Damjalaýyn suwaryş ulgamynyň ähmiýeti

https://ussatnews.com/storage/posts/5209/original-1641b4cebd62a6.jpeg

Damjalaýyn suwaryş ulgamy, suwy tygşytlaýan we gerekli mukdarda gerekli ýere netijeli akmagyna mümkinçilik berýän mikro suwaryş usullaryndan biridir. Elbetde, ulgam gaty haýal işleýän ýaly bolup görünýär, emma aslynda beýle däl. Suw kök zonasyna gönüden-göni damýar we bu bugarmagyň göterimini azaldýar. Beýleki usullar bilen deňeşdirilende damjalaýyn suwarmagyň esasy peýdalary: Topragyň iň ýokary howa çalşygy. Enjam toprakda ösümligiň zerurlygy ýaly çyglylygy saklamaga mümkinçilik berýär. Bu usul bilen kökler tutuş ösümlik möwsüminde erkin dem alýar; Işjeň kök ösüşi. Bu usul, beýleki suwaryş usullary bilen deňeşdirilende ösümligiň kökleriniň ösüşini çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Ösümlikleri goramak. Damjalaýyn suwaryş döwründe ösümligiň ýaprakly bölegi çygly bolmaz. Bu keselleriň döremek ähtimallygyny azaltmaga kömek edýär we kesellerden hem-de zyýan berijilerden geçirilen bejergi ýapraklardan ýuwulmaýar; Iň az zähmet çykdajylary. Ulgam düýbünden özbaşdak we eýesine gündelik el bilen suwarmakdan dynmaga mümkinçilik berýär; Tygşytlamak. Damjalaýyn suwarmak suwuň 60-70% -ini tygşytlap biler, sebäbi peýdasyz çykdajylar azaldylýar. Suw diňe zerur ýerlere berilýär.

Merjen BAÝAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.


167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.