Peýdaly maslahatlar

Künji ýagy — derde däri

https://ussatnews.com/storage/posts/5230/original-164229b949237f.jpeg

Ýurdumyzda ilatymyzyň saglygyny goramak we keselleriň öňüni almak, ömir dowamlylygyny artdyrmak we sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek esasy ugurlaryň biri hasaplanýar. Şu nukdaýnazardan halkymyzyň dürli ýaş gatlaklarynyň wekilleri sagdyn durmuş endiklerine eýerýärler. Sagdyn ýaşaýşyň esasy görkezijilerinden biri-de dogry we sagdyn iýmitlenmekdir. Adam saglygy üçin peýdaly önümleriň biri hem künji ýagydyr.

Künji gadymy ekinleriň biri bolup, ondan ýokary hilli ýag alynýar. Künji ýagynyň aýratynlyklary ýokary baha eýedir, sebäbi bu ýagyň düzüminde saglyk üçin möhüm biologiki işjeň maddalar köpdir. Künjiniň dänesiniň 47 — 60 göterimi ýagdan ybarat bolup, ondan 46 — 50 göterime çenli ýag alynýar.

Künji ýagy akyl zähmeti bilen işleýän adamlara has-da peýdalydyr. Ol nerw ulgamynyň, beýniniň kadaly we oňat işlemegini üpjün edýär, ýatkeşligi we ünsi güýçlendirýär. Aşgazan, garyn-içege, bagyr kesellerinde hem künji ýagy has ýaramly hasaplanýar.

Künji ýagy halk tebipçiliginde, lukmançylykda, tagamlary taýýarlamakda işjeň ulanylýar. Ýagy gök işdäaçarlara, sowuk we gyzgyn naharlara goşmak mümkin. Ol naharlara arassa tagam we hoşboý ys, möhüm witaminler we mikroelementler bilen baýlaşdyrýar. Lukmanlaryň bellemegine görä, künji ýagy ýürek-damar keselleriniň, insultyň, infarktyň, aterosklerozyň döremek howpunyň öňüni alýar. Onuň düzüminde holesteriniň ýoklugy we ganda bar bolan holesteriniň derejesini peseltmek aýratynlygy bu önümiň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Lukmanlar künji ýagynyň düzüminiň esasy düzüjileri sesamin, sesamol we sesamolin bolup, olar öz gezeginde howply döremeleriň öňüni almakda netijelidigini belleýärler. Onuň kämillik ýaşyna ýeten we uly ýaşly zenanlar üçin peýdasy uludyr. Ol garmon alyş-çalşygyny kadalaşdyrýar, göwrelilik we laktasiýa döwründe bedeniň ösümlik ýagyna bolan zerurlygyny kanagatlandyrýar. Ýagyň ýeterlikli bolmagy öýjükleriň garramagyny haýalladýar, deride we dyrnaklarda döreýän agryny peseldýär.

Taýýarlan Aýgül ZERIPBAÝEWA,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.


167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.