Tennisiň peýdasy
Tennis sportuň iň meşhur görnüşleriniň biridir. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan adamlaryň sany günsaýyn artýar. Tennis diňe bir fiziki saglyga oňyn täsir etmän, eýsem, adamyň psihologiýasyna netijeli täsir edip, ruhy taýdan kuwwatlandyrýar. Oýun wagtynda ynsanyň bedeniniň ähli myşsalary diýen ýaly hereketde bolýar, ol ýeňşe, üstünlige bolan höwes-hyjuwyňy artdyrýar.
Lukmanlaryň bellemegine görä, tennis ýürek-damar ulgamynyň işjeňligine oňyn täsir edýär, dem alyş ulgamynyň işini kadalaşdyrýar, beden agzalarynyň kislorod bilen üpjünçiligini ýokarlandyrýar, immuniteti berkidýär. Psihologlar fiziki we psihologiki dartgynlyklara garşy tennisi netijeli serişde hökmünde maslahat berýärler. Şeýle-de, sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmak artyk agramdan saplanmaga ýardam edýär.
Tennis ýaşlaryň düzgün-tertibe eýermek endiklerini ösdürip, ünslüligi, düşbüligi ýokarlandyrýar. Şeýle-de, sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan çaganyň aňy, logiki pikirlenişi, çalt netije çykarmak ukyby ösýär, psihologiki, özerklilik ukyplary kämilleşýär. Tennis köp hereketi talap edýän sport görnüşi bolansoň, daýanç-hereket ediş, ýürek-damar ulgamlarynda näsazlyklary bolan adamlara maslahat berilmeýär.
Hünärmenler çagalary tennis bilen meşgullanmaga 3-5 ýaş aralygynda uýgunlaşdyrmagy maslahat berýär. Bu sportda göni galtaşma ýoklugy sebäpli, şikes almak howpy hem pes hasaplanýar. Tennis esasan aýak we oňurga myşsalarynyň berk hem-de çeýe bolmagyny üpjün edýär. Oýnuň gyzykly we özüneçekijiligi, tizden-tiz üýtgäp durmagy nerw ulgamyny türgenleşdirýär.
Taýýarlan Daýanç ÖWEZOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.
Gülli kelemiň peýdasy
Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler
Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.
Beýiniň peýdasy
Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.