Gök otlaryň peýdasy barada
16:00 18.04.2023

Gök otlar ýylyň islendik paslynda naharyň ýany bilen işdäaçar we iýmit siňdiriji hökmünde ulanylýar. Ýazda gök önümleri iýmek saglyga örän peýdalydyr. Işdäňi açýan we süňňüňi gurplandyrýan gök otlaryň düzüminde ynsan saglygy üçin zerur maddalar bar. Şeýle-de, olarda allergik täsiriň ýoklugy sebäpli, çagalar üçin peýdalydyr. Olaryň az mukdary çaganyň süňňüni mikroelementleriň gündelik zerur mukdary bilen üpjün edýär.
Naharyň ýany bilen iýilýän gök otlardan reýhan, şibit (ukrop), ýaş sogan we arpabadyýan (petruşka) has bellidir. Olaryň düzüminde witaminler, peýdaly ýaglar, mikroelementler köp mukdarda saklanýar. Lukmanlar gök otlary her iýmit kabul edilende ulanmagy maslahat berip, olaryň peýdaly aýratynlyklary barada belleýärler.
Reýhan naharlaryň tagamyny artdyrýan hoşboý ysly, ter gök otdyr. Onuň bejerijilik we deriniň ýagdaýyny gowulandyryjy aýratynlyklary bar. Ol B1 we B2 görnüşli witaminleriň, rutiniň, efir ýagynyň, saponinleriň çeşmesi hasaplanýar. Reýhan gan aýlanyşygyny we damarlaryň işjeňligini kadalaşdyrýar. Otda köp mukdarda saklanýan efir ýagy, kamfora dişagyryny köşeşdirýär, merkezi nerw ulgamyny rahatlandyrýar.
Şibit (ukrop) dürli peýdaly elementlere baýdyr. Onuň düzüminde A, B, C, E, K, P witaminleri we mikroelementler bar. Bu ot içegeleriň sazlaşykly işlemeginde, kadaly uklamaga, ganyň köpelmegine, kellagyryda ýardam edýär. Onuň tohumynyň gaýnatmasy buşukdyryjy, gakylyk goparyjy täsire eýe bolup, öt-daşly, peşew çykaryjy ýollaryň kesellerinde, sowuklamada, dümewde, bronhitde, pnewmoniýada peýdalydyr.
Arpabadyýanyň (petruşka) düzüminde A, PP, K, B1, B2 witaminleri köp mukdarda saklanýar. Bu otuň 50 gramy adam süňňüni karotiniň we C witamininiň bir gije-gündizki mukdary bilen üpjün edýär. Ol iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerinde, demgysmada, nerw kesellerinde peýdaly hasaplanýar.
Ýaş soganyň düzüminde A, C, B1, B2, B6, E, PP witaminleri saklanýar. Düzümindäki foliý turşusy işdäni açýar we iç gatamada ýardam edýär. Şeýle-de, bu ot buşukdyryjy häsiýete-de eýe bolup, bedeniň immunitetini güýçlendirýär, ganyň lagtalanmagynyň öňüni alýar we damarlaryň diwarjyklaryny berkidýär.
Taýýarlan Gurbanmyrat ÝARANMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly
Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy ynsan bedenini Günüň ýiti şöhlesinden goramak zerurlygyny ýüze çykarýar. Lukmanlar zerurlyk bolmadyk ýagdaýynda, tomus möwsüminde daşary çykmazlygy maslahat berýär. Kiçi ýaşly çagalaryň bolsa howanyň aşa gyzan mahalynda daşary çykmagy howply ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolup biler.

Ýürek üçin peýdaly içgiler
Ýürek ynsan bedeniniň wajyp wezipeleri ýerine ýetirýän esasy organlarynyň biri bolup durýar. Onuň saglygy doly we bagtly ýaşaýşyň kepilidir. Ýüregi türgenleşdirmek we peýdaly iýmit önümlerini ulanmak onuň saglygyny goramakda möhümdir. Beden üçin örän wajyp bolan bu organyň talabalaýyk işlemeginde dürli içgileriň hem ähmiýeti uludyr. Elbetde, ilki bilen peýdaly içgilerden suwy aýratyn bellemek gerek.

Gaýnag suw – derdiňe derman
Tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy ynsan bedenine ýaramaz täsirlerini ýetirip bilýär. Jöwzaly günlerde saglygyňy goramak üçin bellenen düzgünleri, berilýän maslahatlary ýerine ýetirmek örän wajypdyr. Lukmanlar her gün azyndan 2 litr suw içmegi maslahat berýär.

Agaçlaryň adam saglygyna peýdaly täsiri
Daragtlar adamlara meňzeýär diýýärler. Doly goşulýan. Olar çyndanam adamlara – olaryňam iň gowularyna meňzeýärler. Sebäbi goja zeminiň iň uzak ömürli barlyklary bolan agaçdyr-baglaryň esasy wezipesi ýagşylyk etmek. Olar howadan zyýanly gazlary özlerine sorup alyp, yzyna bolsa biziň dem almagymyz üçin arassa howa bölüp çykarýarlar.

Kelem — saglyga peýdaly önüm
Kelemiň dürli görnüşleri bolup, olar saglyga edýän täsiri hem-de ulanylyşy boýunça tapawutlanýar. Häzirki wagtda kelemiň ak we gyzyl görnüşleri giňden ýaýrandyr. Lukmanlar bu önümi islendik ýaşda we saglyk bilen balanyşykly nähoşluklarda iýmegi maslahat berýär.