Makalalar

Türkmenistan durnukly energetikany goldamak meselesinde halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

https://ussatnews.com/storage/posts/5353/original-164425798cb863.jpeg

Ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny amala aşyrmak Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynda möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Ol dünýäde we sebitde geosyýasy we ykdysady ýagdaýy nazara almak bilen, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge toplumlaýyn çemeleşmäni göz öňünde tutýar.

Durnukly energetikany goldamak 2052-nji ýyla çenli ykdysady ösüşiň möhüm ugry bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan energetika serişdeleriniň ägirt uly möçberdäki gorlaryna eýe bolup, olary milli derejede, şeýle hem dünýä halklarynyň bähbidine netijeli ulanýar.

Türkmenistan Aziýanyň nebitgaz bazarynda uly orun eýeleýär. Ýurdumyzyň uglewodorod gorlary 71 milliard tonnadan gowrak möçberde kesgitlenilip, onuň 20 milliard tonnadan gowragy nebitiň, 50 trillion kub metrden gowragy bolsa tebigy gazyň paýyna düşýär. Bu maglumatlara laýyklykda, Türkmenistan dünýäde tebigy gazyň tassyklanan gorlary boýunça Russiýa Federasiýasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan we Katar Döwletinden soň dördünji orny eýeleýär.

Ýurdumyzda döwrebap energetika pudagy döredildi, ol uglewodorod serişdelerini gazyp alýan, şeýle hem olary gaýtadan işleýän kärhanalary öz içine alýar. Olaryň öndürýän önümleri dünýäniň dürli ýurtlaryna eksport edilýär. Bu ugurda bilimlere, innowasiýalara esaslanan hem-de ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary öz içine alýan nebiti, gazy gaýtadan işlemek boýunça usullary has-da ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Innowasion we durnukly ösüşi ugur edinmek ekologiýa howpsuzlygyny, «ýaşyl ykdysadyýetiň» ösüşini höweslendirmek bilen baglydyr.

Daşky gurşawy goramak hem-de ekologiýa meseleleri ýurdumyz üçin hemişe möhüm ähmiýete eýe bolup, ileri tutulýan ugurlara öwrüldi. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň tassyklan Birleşen Milletler Guramasynyň tebigaty goramak barada esasy konwensiýalarynyň birnäçesi, Howanyň üýtgemegi boýunça gol çeken Pariž Ylalaşygy hem-de ýüze çykýan ekologiýa meselelerini çözmegi ugur edinip, yzygiderli geçirýän işleri aýdyň şaýatlyk edýär. Tebigaty goramagy dolandyrmak işi yzygiderli kämilleşdirilýär, onuň serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi boýunça Milli maksatnamasy, Milli tokaý maksatnamasy kabul edildi we üstünlikli amala aşyrylýar.

Türkmenistan ekologiýa boýunça gün tertibiniň esasy ýörelgelerini we maksatlaryny ýerine ýetirmek bilen, zyýanly maddalaryň howa zyňylmagyny azaltmaga, howanyň üýtgemeginiň öňüni almaga we oňa uýgunlaşmaga gönükdirilen çäreleri amala aşyrýar.

Durnukly energetikany goldamak boýunça 2030-njy ýyla çenli işler uglewodorod serişdeleriniň eksport kuwwatyny artdyrmaga, şol sanda olaryň gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmagyň hem-de ekologiýa taýdan arassa önümleri çykarmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ýurdumyzda mineral çig malyny gaýtadan işleýän önümçilikleri gurmak göz öňünde tutulýar.

Döwletiň maýa goýum syýasaty önümçilikleri düýpli döwrebaplaşdyrmaga we olaryň düzümini üýtgedip gurmaga, täze tehnologik «ýaşyl ykdysadyýeti», şol sanda energetika ykdysadyýetini döretmäge gönükdirilendir.

Ekologiýa ulgamyny gowulandyrmak we daşky gurşawy goramak, şol sanda zyýanly maddalaryň, aýratyn-da metanyň howa zyňylmagyny azaltmak boýunça işleri yzygiderli geçirmek göz öňünde tutulýar.

Bu ugurda ýurdumyz Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Ösüş banky, Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş banky ýaly halkara maliýe institutlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Olar ekologiýany nazara almak bilen, maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge täze çemeleşmeleri ornaşdyrmak boýunça işleriň gerimini giňeltdiler hem-de «ýaşyl ykdysadyýeti» höweslendirmek boýunça uly işleri amala aşyrýarlar.

Zyýanly gazlaryň zyňylýan möçberini azaltmak boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryny goldamak bilen, Türkmenistan senagatda we ulaglarda ekologiýa taýdan arassa, döwrebap hem-de serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmaga geçýär. Bu aýratyn-da nebitgaz we energetika pudaklaryna degişlidir.

Amatly ykdysady şertlerde 2030-njy ýyla çenli howa zyňylýan zyýanly maddalary azaltmak biziň «az uglerodly ösüşimiziň» maksady bolup durýar. Türkmenistan ykdysadyýetiň «az uglerodly ösüşi» ugruna üýtgewsiz eýerýär, munuň özi uzakmöhletleýin global maksada — 2050-nji ýyla çenli howanyň dünýä boýunça ortaça temperaturasyny industrial döwre çenli, wagt bilen deňeşdireniňde, iki gradusdan geçirmezlik maksadyna kybap gelýär.

Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde ekologiýa meseleleriniň giň toparyny nazara almak bilen, köptaraplaýyn özara gatnaşyklary giňeltmek hem-de bu ugurda täsirli gurallary döretmäge girişmek zerur bolup durýar. Bu maksatlar biziň ýurdumyz üçin strategik wezipelerdir.

Türkmenistanyň öňünde uly wezipeleriň durmagy bilen baglylykda, maýa goýumlaryny çekmäge, daşary ýurt maýa goýumlary üçin maliýeleşdirmegiň amatly şertlerini döretmäge bolan çemeleşmeleri kämilleşdirmek wezipesi ilkinji hatara çykýar. Biziň döwletimiz halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi, şol sanda global energetika gün tertibini goldamak boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi ugur edinýär.

2023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy bu ugurda möhüm ädimleriň biri bolar. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Türkmen Forum» HJ hem-de Beýik Britaniýanyň «GaffneyCline» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çäräniň guramaçylary hökmünde çykyş ederler.

Türkmenistanyň energetika pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmek hem-de energetika pudagyny durnukly ösdürmek boýunça sebit gatnaşyklaryny pugtalandyrmak çäräniň baş maksady bolup durýar. Forumyň çäklerinde ýurdumyzda nebiti we gazy çykarmak, gaýtadan işlemek we ugratmak, şeýle hem alternatiw energetikany (gün we ýel) netijeli ösdürmek boýunça taslamalary amala aşyrmak bilen bagly gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine serediler.

Ussa USSAÝEW,

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.

Başga makalalar
167640d040aa48.jpeg
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR

Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.


16763142fb612d.jpeg
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.


166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

166a501481866d.jpeg
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.


166869e1423b02.jpeg
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär

Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.