Kädiniň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ösdürilip ýetişdirilýär ösümlikleriň biri hem kädi ekinidir. Kädi täsin peýadaly ösümlikdir.
Kädiniň takmynan 20 görnüşi bar. Alymlar adamlaryň takmynan 5 müň ýyl ozal kädini ösdürip ýetişdirendigini aýdýarlar. Meksika kädiniň watany hasaplanylýar. Gaýnadylan ýa-da bişirilen kädi beden tarapyndan gowy siňdirilýär, şonuň üçin çaga iýmitinde giňden ulanylýar. Kädiniň şiresi kadaly we oňat, uky üçin peýdalydyr.
Kädiniň düzüminde iýmit-siňdiriş organlarynyň işini kadalaşdyrýan we ýag çalşygyny çaltlaşdyrýan pektinleriň köp mukdary saklanylýar. Şeýle-de onda kaliý, magniý, fosfor, demir, sink, marganes we W witamin toparlary köp.
Kädi çigidiniň saglygy goramakda we berkitmekde peýdaly taraplary sanardan köp. Olar suwuk ýag kislotalaryna, ösümlik beloklaryna we E witaminine baý. Olaryň düzüminde holesteriniň derejesini sazlaýan fitosterollar hem saklanylýar. Kädiniň çigidinden alynýan ýaglar aminokislotalary öz içine alýandygy sebäpli, strese we depressiýa örän peýdalydyr. Süňklleri hem güýçlendirýär.
Önümi yzygiderli kabul etmek gan aýlanyş ulgamyny kadalaşdyrmakda, gan damarlaryny giňeltmekde, ýürek keselleriniň ýüze çykmagynyň öňüni almakda, nerw ulgamyny kadalaşdyrmakda, bedeniň kesellerini goraýjylyk ukybyny artdyrmakda örän peýdalydyr.
Süýjilikleri yzygiderli kabul etmek ynsan bedenine ýaramaz täsir edýär. Bu endikden saplanmakda hem kädi çigidi peýdalydyr. Kädi çigidi süýjülikleri iýmek islegiňi peseltmäge ukyplydyr. Çigidi çig görnüşde iýmek maslahat berilýär. Ol bagryň we içegäniň işini kadalaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Çig tohum böwrek keseliniň, iç gatamanyň öňüni almaga we gan basyşyňy kadalaşdymaga kömek edýär. Kädi çigidini gündelik we ukudan öň kabul etmek maslahat berilmeýär.
Taýýarlan: Amanmyrat ANNAMYRADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Aýdym-saz täsin güýçdür
Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.
Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.