Bedene ýumurtgasynyň peýdaly häsiýetleri
Bedene ýumurtgasy- bu kän bir uly bolmadyk guş ýumurtgasydyr. Ol togalak şekilde bolup, daşy dürli reňkli tegmiller bilen örtülen. Ýumurtganyň agramy 18 grama deň.
Bedenäniň ýumurtgasynda bakteriýalar bolmaýar, sebäbi bedenäniň bedeniniň temperaturasy bakteriýalary ýok ediji häsiýete eýe. Ýumurtga çigligine iýilsede zyýanly däl. Emma ony iýmezden öň gyzgyn suwda gowy edip ýuwmaly.
Bedene ýumurtgasynda towugyň ýumurtgasyndan tapawutlylykda ýaglar, witaminler we minerallar köp bolýar. Holestriniň mukdary hem towuk ýumurtgasyndakydan az däl emma ondaky holestrin zyýansyz bolýar, damar diwarlaryna dykylyp galmaýar. Ýöne öňden gan basyşy ýokary bolan adamlara bedene ýumurtgasyny köp iýmek maslahat berilmeýär.
Bedene ýumurtgasy immuniteti gowulandyrýar, nerw ulgamynyň işini sazlaýar, ýatkeşligiňi artdyrýar.
Nädip bedene ýumurtgasyny dogry saýlap we saklap bolar?
Bedene ýumurtgasy satyn alynanda şulara üns bermeli: Ilki bilen ýumurtganyň gabygyna üns beriň döwülen we ýagty reňkleri bolmaly däl. Eger ýumurtga ýeňil bolsa üýtgän we ýaramsyz hasaplanýar. Satyn alynanda nähili satylýandygyna üns beriň. Supermarketlerde ýumurtga sowadyjyda duran bolmaly. Eger bazardan satyn alsaňyz günde duran bolmaly däl. Öýde saklananda sowadyjynyň ýokarky gözünde saklaň. Ýaramlylyk möhleti ortaça sowadyjyda saklananda 60 gün, otag şertlerinde saklansa 30 güne deň diýip hasaplanýar.
Bedene ýumurtgasyny gaýnadyp, gowurup we salatlara bezeg hökmünde ulanyp bolýar. Ol özboluşly tagamly şonuň üçin ony etli we gök otly salatlara, işdäaçarlara goşýarlar.
Oguljeren POTYKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.
Gülli kelemiň peýdasy
Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler
Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.
Beýiniň peýdasy
Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.