Peýdaly maslahatlar

Iphone 14 modelleriniň peýdaly aýratynlyklary

https://ussatnews.com/storage/posts/5462/original-1646b029b36585.jpeg

Häzirki ösen tehnologiýalar zamanasynda tehnika enjamlarynyň mümkinçilikleri haýran galdyrýar. Bu ugurda zähmet çekýän dünýäniň iri kompaniýalarynyň önümleri täze funksiýalara eýe bolup, geçmişde «mümkin däl» diýen düşünjäni aradan aýyrýar. Dünýä belli Apple kompaniýasynyň öndürýän ykjam telefonlarynyň Iphone 14 modelleriniň peýdaly aýratynlyklary bilen tanyş bolalyň.

Enjam ýol heläkçiligini anyklap we degişli edaralara habar berip bilýän ýörite datçiklere eýedir. Telefon heläkçiligiň derejesini kesgitlemäge, şeýle hem aragatnaşyk operatoryň ýa-da WIFI torlary elýeterli bolmadyk wagtynda, älem hemrasyna birigip sms ibermäge ukyplydyr.

Enjamyň «bellikler» bölümi ulanyjynyň hereketlerini anyklamaga ukyplydyr. Onuň kömegi bilen kwadrat, üçburçlyk, tegelek, oklar ýaly şekilleri arkaýyn çyzyp bolýar. Şeýle-de, belliklerde el ýazuwyny tanamak funksiýasy bar. Telefonyň öňki modellerinde ses ýazgylary geçirilende käbir kynçylyklar ýüze çykaryldy. Olardan ýazgyny tapmakda, saýhallamakda ýüze çykýan kemçilikleri görkezip bolar. Iphone 14 modelinde ses ýazgylary ýörite bukjalara tertip boýunça bölünýär hem-de onda ýalňyşlyk bilen öçürilen ýazgylary dikeltmek mümkinçiligi bar.

Enjamyň ýene bir peýdaly aýratynlygy «Always-On Display» bolup durýar. Bu funksiýa ulanyjynyň islegine görä ekranda gerekli maglumatlary öçmeden görkezip bilýär. Onuň kömegi bilen möhüm programmalary ulanmak has-da ýeňilleşýär. Bulardan başga-da enjamyň peýdaly funksiýalary kän, olar bilen ulanyjy wagtyň geçmegi bilen giňişleýin tanşyp biler.

Taýýarlan Sülgün MUHYÝEWA,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Başga peýdaly maslahatlar
16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.


16631174d696af.jpeg
Gülli kelemiň peýdasy

Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.

165e747935707c.jpeg
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler

Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.


165b91eda2f571.jpeg
Beýiniň peýdasy

Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.