Windows 11 ulgamynyň peýdaly funksiýalary

10:53 22.05.2023

https://ussatnews.com/storage/posts/5463/original-1646b03443f695.jpeg

Häzirki zaman kompýuter enjamlarynda giňden ulanylýan operasion ulgamlaryň biri hem windows operasion ulgamydyr. Microsoft kompaniýasynyň önümi bolan windows operasion ulgamlarynyň 11-nji nesli bütin dünýäde ulanyjylar tarapyndan uly seslenme tapdy. Onuň peýdaly funksiýalary bilen tanyş bolalyň.

WOW üpjünçiligi ulanyjynyň işini ýeňilleşdirýän esasy aýratynlyklaryň biridir. Ýagny, onuň kömegi bilen sesi ýazuw formatyna geçirip bolýar. Bu funksiýa «Windows + H» kombinasiýasy bilen çagyrylýar. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem programma dyngy belgilerini kesgitleýär hem-de ýazuw düzgünlerine görä, tekstdäki ýalňyşlary ýüze çykarýar we düzedýär. Şeýle-de, programmada «Win +» kombinasiýasy bilen tekstde ulanyljak şekiljik panelini çykaryp bolýar.

Kämilleşdirilen alyş-çalyş buferi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ol özünde ulanyjynyň ähli göçürilenlerini (kopýalamak) saklaýar. Onda diňe tekst ýa-da baglanyşyklar saklanman, eýsem suratlar hem bar.

Ulgamda täze gyzgyn gysga düwmeler hem bar. Meselem, «Win + A» düwmesi çalt sazlamalar, «Win+W» gurallar, «Win+N» kalendar we dýuduryşlar, «Win+Z» penjiräniň ýerleşmesi panellerini çagyrýar. Şeýle-de, «Control» düwmesine iki gezek basmak bilen ulanyjy syýanjygyň görkezijisini çalt tapyp biler. Windows 11 ulgamynda täze sazlamalar peýda boldy. Onda sazlamalaryň täze çyzgysy we görnüşi bilen birlikde, ençeme aýratynlyklary hem bar. Meselem, Kamera sazlamalarynda we birikdirilen kameralaryň hemmesinde giňişleýin sazlamalary geçirip bolýar.

Ulgamyň peýdaly aýratynlyklaryndan biri-de köp sanly iş penjireleriniň bolmagydyr. Ulanyjy olary öz islegine görä, atlandyryp, reňkini we ekran suratyny üýtgedip bilýär. Bulardan başga-da, operasion ulgamda ulanyjynyň rahat we öndürijilikli işi üçin peýdaly funksiýalar kän.

Taýýarlan Gülbahar SUHANOWA,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Başga makalalar
162d1b8dbc0585.jpeg
Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly

Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy ynsan bedenini Günüň ýiti şöhlesinden goramak zerurlygyny ýüze çykarýar. Lukmanlar zerurlyk bolmadyk ýagdaýynda, tomus möwsüminde daşary çykmazlygy maslahat berýär. Kiçi ýaşly çagalaryň bolsa howanyň aşa gyzan mahalynda daşary çykmagy howply ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolup biler.


162b7ec8ef0492.jpeg
Ýürek üçin peýdaly içgiler

Ýürek ynsan bedeniniň wajyp wezipeleri ýerine ýetirýän esasy organlarynyň biri bolup durýar. Onuň saglygy doly we bagtly ýaşaýşyň kepilidir. Ýüregi türgenleşdirmek we peýdaly iýmit önümlerini ulanmak onuň saglygyny goramakda möhümdir. Beden üçin örän wajyp bolan bu organyň talabalaýyk işlemeginde dürli içgileriň hem ähmiýeti uludyr. Elbetde, ilki bilen peýdaly içgilerden suwy aýratyn bellemek gerek.


162ce7004f120d.jpeg
Gaýnag suw – derdiňe derman

Tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy ynsan bedenine ýaramaz täsirlerini ýetirip bilýär. Jöwzaly günlerde saglygyňy goramak üçin bellenen düzgünleri, berilýän maslahatlary ýerine ýetirmek örän wajypdyr. Lukmanlar her gün azyndan 2 litr suw içmegi maslahat berýär.


162d03ab320919.jpeg
Agaçlaryň adam saglygyna peýdaly täsiri

Daragtlar adamlara meňzeýär diýýärler. Doly goşulýan. Olar çyndanam adamlara – olaryňam iň gowularyna meňzeýärler. Sebäbi goja zeminiň iň uzak ömürli barlyklary bolan agaçdyr-baglaryň esasy wezipesi ýagşylyk etmek. Olar howadan zyýanly gazlary özlerine sorup alyp, yzyna bolsa biziň dem almagymyz üçin arassa howa bölüp çykarýarlar.


162b7e83c17553.jpeg
Kelem — saglyga peýdaly önüm

Kelemiň dürli görnüşleri bolup, olar saglyga edýän täsiri hem-de ulanylyşy boýunça tapawutlanýar. Häzirki wagtda kelemiň ak we gyzyl görnüşleri giňden ýaýrandyr. Lukmanlar bu önümi islendik ýaşda we saglyk bilen balanyşykly nähoşluklarda iýmegi maslahat berýär.