Gözüň goramagyň ýollary barada maslahatlar
19:57 09.06.2023

Älem dek giň gözlerimiz bilen dünýäni görýäris. Görer gözüň gymmadyny, ony goramagyň ýollary baradaky maslahatlary okyjylara ýetirmegi makul bildik.
Gözi goramak üçin ýörite iýmitlenmegiň öz düzgüni bar. Şonuň üçinem göz damarlaryny berkidiji iýmitleri iýmek has peýdalydyr. Gözümizi gün şöhlesinden goramagy hem unutmaly däldiris. Size hödürlejek maşyklarymyzyň siziň görer gözüňiziň hasda nurly, nerw öýjükleriniň ýadawlygynyň aýrylmagyna getirer hem-de gözi hereketlendiriji myşsalar berkär. Geliň, bular barada gysgaça durup geçeliň!
Telewizora seredende, kompýuteriň başynda, el telefonlaryny ullanan wagtyňyz, şeýle-de ýörän wagtyňyz oňurga sütünini - boýun oňurgasyny dogry we dik saklamaly. Oňaýly iş ýeri we onuň ýeterlik ýagtylygyny üpjün etmeli.
*Gözi Günüň ýiti şöhlesinden goramaly. Günden goraýan äýnek dakynmaly.
*Kitap okalanda, hat ýazylanda gözden 30 sm araçäkde bolmaly.
*Telewizor görlende, her 30-40 minutdan 5-10 minutlyk göze dynç bermeli.
*Çagalara günüň dowamynda 2 sagatdan köp monitoryň öňünde oturmak bolmaýar.
*Gözi goramak üçin ýörite iýmit düzgünlerini berjaý etmeli. Olar A, B, С witaminleri saklaýan balyk, bagyr, çernika, gara smorodina, şugundyr, käşir, kelem, garaly, ukrop, petruşka, gök sogan ýaly gök önümlerdir.
*Her 1-1,5 sagatdan 10-15 minut gözlere dynç bermeli; gözleri ýumup 8 gezek saga we çep tarapa aýlamaly, soň gözleri açyp çalt-çaltdan gyrpmaly.
*Göz bäbenegini ýokaryk-aşak hereketlendiriň. Gün içinde bu maşky 5-6 gezek gaýtalamaga synanyşyň!
*Gözleri saga, soňra çepe hereketlendiriň! Bu maşk gözi ýeterlik mukdarda çyglandyrmaga ýardam eder.
*Gözüňizi bar güýjüňiz bilen ýumup, 30 sekuntdan soňra giňden açyň! Bu maşky günde 4 gezek gaýtalamak ýeterlikdir.
*Gözüňiz bilen süýem barmagyň ujuna serediň, soňra barmagyňyzy ýokaryk-aşak hereket etdiriň, hereketi gözleriňiz bilen yzarlaň!
*Kelläňi yza agdaryp dem almaly, soň öňe egip demi goýbermeli.
*Gözüň ýadawlygyny aýyrmak üçin, pagtany gök çaýa ezip, gözüň üstünde goýsaň, göz damarynyň rahatlanmagyna peýdasy deger.
*Daşa ýakyna 1 minutlap seredip, soň burnuňdan 10-15sm ýakynlyga seretmeli.
Mähriban okyjylar gözleriňizi aýap saklaň! Gözümiz dünýämiziň aýnasy, kalbymyzyň nurudyr.
Leýla GARAJAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri kafedrasynyň kliniki ordinatory.

Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly
Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy ynsan bedenini Günüň ýiti şöhlesinden goramak zerurlygyny ýüze çykarýar. Lukmanlar zerurlyk bolmadyk ýagdaýynda, tomus möwsüminde daşary çykmazlygy maslahat berýär. Kiçi ýaşly çagalaryň bolsa howanyň aşa gyzan mahalynda daşary çykmagy howply ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolup biler.

Ýürek üçin peýdaly içgiler
Ýürek ynsan bedeniniň wajyp wezipeleri ýerine ýetirýän esasy organlarynyň biri bolup durýar. Onuň saglygy doly we bagtly ýaşaýşyň kepilidir. Ýüregi türgenleşdirmek we peýdaly iýmit önümlerini ulanmak onuň saglygyny goramakda möhümdir. Beden üçin örän wajyp bolan bu organyň talabalaýyk işlemeginde dürli içgileriň hem ähmiýeti uludyr. Elbetde, ilki bilen peýdaly içgilerden suwy aýratyn bellemek gerek.

Gaýnag suw – derdiňe derman
Tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy ynsan bedenine ýaramaz täsirlerini ýetirip bilýär. Jöwzaly günlerde saglygyňy goramak üçin bellenen düzgünleri, berilýän maslahatlary ýerine ýetirmek örän wajypdyr. Lukmanlar her gün azyndan 2 litr suw içmegi maslahat berýär.

Agaçlaryň adam saglygyna peýdaly täsiri
Daragtlar adamlara meňzeýär diýýärler. Doly goşulýan. Olar çyndanam adamlara – olaryňam iň gowularyna meňzeýärler. Sebäbi goja zeminiň iň uzak ömürli barlyklary bolan agaçdyr-baglaryň esasy wezipesi ýagşylyk etmek. Olar howadan zyýanly gazlary özlerine sorup alyp, yzyna bolsa biziň dem almagymyz üçin arassa howa bölüp çykarýarlar.

Kelem — saglyga peýdaly önüm
Kelemiň dürli görnüşleri bolup, olar saglyga edýän täsiri hem-de ulanylyşy boýunça tapawutlanýar. Häzirki wagtda kelemiň ak we gyzyl görnüşleri giňden ýaýrandyr. Lukmanlar bu önümi islendik ýaşda we saglyk bilen balanyşykly nähoşluklarda iýmegi maslahat berýär.