Narpyzyň saglyga ýetirýän peýdaly täsirleri
12:15 10.06.2023

Narpyz örän peýdaly, hoşboý ysly ösümlikdir. Ol kellagyryny, garyn-içege kesellerini, içgeçme, ýürek-damar näsazlygyny, öýken inçekesel, böwrek, bagyr, burun-bokurdak, dümew, sarygetirme, deridäki çiş, nerwi ulgamyny gowylandyrmakda, ukusyzlygy bejermekde gowy peýda edýär. Bedende, deride çiş-gabarçak emele gelse, narpyzyň suwy bilen ýuwnmak peýdalydyr. Onuň ergini, ýapragy agzyňyzdaky ýakymsyz ysy aýyrýar. Narpyz ýapragy agyrýan dişe, güýçli kellagyry peýda bolanda maňlaýa goýulsa, agyry tiz aýrylýar. Onuň gaýnadylan ýapragynyň suwyny nahardan 30 minut öň az mukdarda içmek maslahat berilýär.
Narpyz suwarymly ýerlerde we güzerleriň gyrasynda, kiçijik ýaplaryň gyrasynda ösüp bilişi ýaly töwereginde suw bolan her ýerde görmek bolýar. Ýabany narpyzyň düziminde mentoldan başgada pinen, limonen, phelladren, terppenler ýaly birgiden ýeterlikli ýaglar bardyr. Dem alyş ýollaryny arassalamakda Mentolyň ägirt uly peýdasynyň bardygy gadymy döwür medisinasynda-da we häzirki döwür medisinasynda-da gaty gowy bilinýändir.
Orta asyrlarda narpyzyň başga bir täsirli aýratynlygy ýüze çykarylypdyr. Bu otyň mör-möjeklere garşy göreşde kömegi degipdir. Hemmämiziň bilişimiz ýaly, narpyz hakykatdan hem, taryhda yz galdyran we häzirem isleg bildirilýän güýçli derman serişde hökmünde ulanylýar.
Narpyzyň düziminde C, B3, B5, B2, B6, B9, A witaminleri agdyklyk edýär. Makroelementlerden: kaliý, kalsiý, magniý, fosfor, natriý. Mikroelementlerden: demir, margens, sink, mis ýaly wajyp elementler bar. Narpyzy çaýa goşup ulanmak has-da ýörgünli tärleriň biridir. Şeýle dermanlyk çaý kelleagyryny köşeşdirmekde, horlanmakda, üsgülewigi aýyrmakda örän ähmiýetlidir.
Narpyz dürli tagamlary, işdäaçarlary taýýarlamakda tagam, ys beriji hökmünde ulanylýar .Narpyzyň hoşboý ysy işdäňi açyp, tagamyň has-da lezzetli, peýdaly bolmagyna sebäp bolýar.
Taýýarlan: Amanmyrat ANNAMYRADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly
Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy ynsan bedenini Günüň ýiti şöhlesinden goramak zerurlygyny ýüze çykarýar. Lukmanlar zerurlyk bolmadyk ýagdaýynda, tomus möwsüminde daşary çykmazlygy maslahat berýär. Kiçi ýaşly çagalaryň bolsa howanyň aşa gyzan mahalynda daşary çykmagy howply ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolup biler.

Ýürek üçin peýdaly içgiler
Ýürek ynsan bedeniniň wajyp wezipeleri ýerine ýetirýän esasy organlarynyň biri bolup durýar. Onuň saglygy doly we bagtly ýaşaýşyň kepilidir. Ýüregi türgenleşdirmek we peýdaly iýmit önümlerini ulanmak onuň saglygyny goramakda möhümdir. Beden üçin örän wajyp bolan bu organyň talabalaýyk işlemeginde dürli içgileriň hem ähmiýeti uludyr. Elbetde, ilki bilen peýdaly içgilerden suwy aýratyn bellemek gerek.

Gaýnag suw – derdiňe derman
Tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy ynsan bedenine ýaramaz täsirlerini ýetirip bilýär. Jöwzaly günlerde saglygyňy goramak üçin bellenen düzgünleri, berilýän maslahatlary ýerine ýetirmek örän wajypdyr. Lukmanlar her gün azyndan 2 litr suw içmegi maslahat berýär.

Agaçlaryň adam saglygyna peýdaly täsiri
Daragtlar adamlara meňzeýär diýýärler. Doly goşulýan. Olar çyndanam adamlara – olaryňam iň gowularyna meňzeýärler. Sebäbi goja zeminiň iň uzak ömürli barlyklary bolan agaçdyr-baglaryň esasy wezipesi ýagşylyk etmek. Olar howadan zyýanly gazlary özlerine sorup alyp, yzyna bolsa biziň dem almagymyz üçin arassa howa bölüp çykarýarlar.

Kelem — saglyga peýdaly önüm
Kelemiň dürli görnüşleri bolup, olar saglyga edýän täsiri hem-de ulanylyşy boýunça tapawutlanýar. Häzirki wagtda kelemiň ak we gyzyl görnüşleri giňden ýaýrandyr. Lukmanlar bu önümi islendik ýaşda we saglyk bilen balanyşykly nähoşluklarda iýmegi maslahat berýär.