Belent sepgitleri nazarlaýan gazçylar
«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary welaýat merkeziniň tebigy gazy ulanyjylaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde ýokary netijelere eýe bolýarlar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir aýyny ajaýyp zähmet üstünliklerine besleýän edaranyň zähmetsöýer gazçylary tarapyndan häzirki wagtda gojaman Şabady etekläp oturan Daşoguz şäheriniň çäginde bar bolan dürli basyşly gaz geçirijileriň bäş ýüz elli kilometrden gowrak ýerine, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň bolsa dört ýüz ellä golaýyna gije-gündiziň dowamynda yzygiderli gözegçilik edilýär.
Gaz hojalyk edarasynyň hünärmenleriniň bellemegine görä, şu ýylyň başyndan bäri Daşoguz şäheriniň «Merkez-1», «Suwçy» we Nowruz ýaşaýyş jaý toplumlarynda hem-de Gülüstan şäherçesinde bar bolan gaz geçirijilerde alnyp barlan arassalaýyş, dikeldiş we tehniki gözden geçiriş işleri netijesinde öňden hereket edýän gaz ulgamlarynyň geçirijilik mümkinçilikleri ep-esli artdyrylypdyr. Şeýle hem welaýat merkeziniň çägine täze goşulan, öňler Şabat etrabynyň Jumanýaz Hudaýbergenow adyndaky geňeşligine degişli bolan ilatly ýerlerde bar bolan gaz desgalarynda hem hünärmenler tarapyndan tehniki gözleg-barlag hem-de meýilnamalaýyn abatlaýyş işleri giňden ýaýbaňlandyrylypdyr. Şäheriň ilatynyň tebigy gaza bolan islegini doly kanagatlandyrmak we gaz ýollarynyň geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrmak maksadynda durmuşa geçirilen bu işlerde «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň işçi-hünärmenleriniň hem saldamly paýy bar. Olaryň birleşen tagallalary netijesinde häzirki wagtda welaýat merkezinde gaz desgalarynyň durkuny üýtgetmek hem-de zerur ýerlerini düýpli abatlamak, şeýle hem Gülüstan şäherçesinde täze gurulýan desgalary gazlaşdyrmak ugrunda giň göwrümli işler durmuşa geçirilýär. Bu derwaýys işleriň barha rowaç almagynda gaz hojalyk edarasynyň daşary gaz geçirijilere we gaz sazlaýjy enjamlara gözegçilik gullugynyň uly ussasy Kadyrbergen Orunbaýewiň ýolbaşçylygynda agzybirlikde zähmet çekýän bejeriji slesarlar Hudaýberdi Möminow, Nurmyrat Çaryýew, Palta Paltaýew, Batyr Şyhyýew, elektrik bilen kebşirleýjiler Nepes Otuzow we Jumadurdy Garaýew dagy öwgä mynasyp işleri alyp barýarlar.
Welaýat merkezinde ýerleşýän gaz hojalyk edarasynda bolanymyzda, ol ýerde näsazlygy habar beriş we hasaba alyş, daşary gaz geçirijilere, gaz sazlaýjylaryna gözegçilik, içeri öý gaz enjamlaryny bejeriş, gaz ölçeýji enjamlary oturdýan, hasabyny ýöredýän gözegçilik hem-de hyzmat ediş, şeýle hem gaz ýerleşdiriş we hasabaty ýaly gulluklaryň işçi-hünärmenleriniň ählisiniň bir bitewi güýje öwrülip, öz öňlerinde goýlan wezipe-borçlaryny birkemsiz berjaý edip, zähmet çekýändikleriniň şaýady bolduk.
— Edaramyzda şäher ilatyndan we edara-kärhanalardan gelýän sargytlar we haýyşnamalar hasaba alnyp, gaz enjamlarynda ýüze çykýan näsazlyklar Şöhrat Kultaýew, Genje Dosjanow we Allaberdi Meretdurdyýew ýaly slesar-bejerijiler tarapyndan gysga wagtyň içinde düzedilýär.
«Gazel» kysymly ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň sürüjileri Farhat Kakabaýew we Gurbanmuhammet Meredow dagy bolsa özlerine ynanylan ulaglary hemişe gurat we işjeň ýagdaýda saklamak bilen, hojalyklarda we edara-kärhanalarda gaz enjamlarynda ýüze çykýan näsazlyklary gyssagly ýagdaýda dikeltmeklige öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar — diýip, «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň hünärmeni Merdan Gutlyýew gürrüň berýär.
Dädebaý NARTYÝEW,
Ussatnews.com.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.