Peýdaly maslahatlar

Elektrik awtoulaglar gazda işleýänlerden hem tapawutlanýar

https://ussatnews.com/storage/posts/5693/original-164aa160f6dfb8.jpeg

Elektroulaglar zyýanly gazlary çykarmaýar. Bölejik azot oksidleriniň zyňyndylarynyň atmosferany hapalamagyny azaltmak zerurlygy elektroulaglary ulanmagyň, mundan beýläk hem kämilleşdirmegiň we onuň önümçiligini ýokarlandyrmagyň tejribe ýüzünde wajyplygyny belli edýär.

Batareýalary gaýtadan ulanmak we gaýtadan işlemek hem ösýän bazarlaryň biri bolup durýar. Ulanylan batareýalary gaýtadan ulanmak usulyýetiniň gözlegleri alnyp barylýar. Öýlerde batareýalara zarýad beriji enjamlaryň bolmagy geljekde batareýany öndürmegiň daşky gurşawa täsirini azaldar.

Ýewropanyň Energetika guramasy tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesi elektrikli awtoulaglaryň zyňyndylarynyň benzin ýa-da dizel awtoulagyny sürmekden 17%-den 30%-e çenli pesdigini ýüze çykardy. Pes uglerodly elektrik togy ulanylanda elektrik öndürmekden çykýan zyňyndylar hem ep-esli azalar.

Elektrikli awtoulaglar diňe benzinde işleýän ulaglardan däl, eýsem, gazda işleýänlerden hem tapawutlanýar. Şol ulaglar nebit önümlerini, antifriz garyndylaryny, motor we gaýry ýaglary ulanmaýar, diýmek, zyýanly gazlary çykarmaýar. Ulagyň bu görnüşi ulanylanda ýangyn-partlama howpy hem has peselýär.

Taýýarlan Mukam BATYROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby, «Daşky gurşawy goramak — durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy» atly ÝUNESKO klubunyň işjeň agzasy.

Başga peýdaly maslahatlar
16a4a98f37215f.jpeg
Aýdym-saz täsin güýçdür

Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.


168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.


16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.