Makalalar

Gidrogeologlaryň guwandyryjy görkezijileri

https://ussatnews.com/storage/posts/5997/original-165006a43efc76.jpeg

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň işgärleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly şygaryna beslenen ýylyň ilkinji bäş aýyny üstünlikli jemlemek bilen, geçen döwürde ýerasty suwlaryň geoekologik gözleg-barlag hem-de burawlaýyş işlerini alyp barmakda ýokary netijelere eýe boldular.

Ekspedisiýanyň işjeň agzalary «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan 2023-nji ýyl üçin tassyklanan geologiýa-gözleg işleriniň meýilnamasy boýunça demirgazyk welaýatyň giňişliklerinde ýerasty suw ýataklarynyň barlaglaryny, ýerasty suwlaryň düzgünini we mukdaryny öwrenmek maksady bilen, geologiýa gözleg işleriniň dürli görnüşdäki önümçiligini, mehaniki sütünleýin burawlaýyş, guýularda geofiziki barlaglary, meýdan işleriniň netijesinde alnan geologiýa-geofiziki maglumatlary işläp taýýarlamak, gidrogeologik, inžener-geologik we geoekologik surat alma, dag jynslarynyň, kerniň, ýerasty, ýerüsti suwlaryň barlaghana barlaglarynyň maglumatlaryny, welaýatyň gidrogeologik gurluşy we ýerasty suwlaryň gorlary baradaky hasaplamalary hem-de olary resmileşdirmek, hasabyny ýöretmek işlerini alyp barýarlar. Bu ugurlarda öňde goýlan aýdyň wezipeleri aýba-aý üstünlikli amal edip gelýän ekspedisiýanyň suw gözleýjileri tarapyndan hasabat döwründe buraw işleriniň iş meýilnamasy 122,75 göterim berjaý edilen bolsa, bu babatda maý aýynyň iş tabşyrygynyň 123,85 göterim möçberinde ýerine ýetirilendigini ekspedisiýanyň ýolbaşçylary buýsanç bilen aýdýarlar. Ýene-de şol döwürde ekspedisiýanyň degişli hünärmenleri tarapyndan 1:200 000 we 1:50 000 ölçegdäki geoekologik surat alma işleri hem göz öňünde tutulan iş meýilnamasyna laýyklykda dolulygyna berjaý edilipdir.

Ekspedisiýanyň hünärmenleri şu ýylyň başyndan bäri welaýatyň Akdepe etrabynyň Agzybirlik, Ak altyn we Täze zaman oba ilatly nokatlaryny arassa agyz suwy bilen bolelin üpjün etmek maksadynda ýerasty süýji suw ýataklarynyň deslapky barlaglarynyň hem-de şol etrabyň Ak bugdaý we Gyzyltakyr geňeşlikleriniň ilatyny ýokary hilli arassa suw bilen üpjün etmek babatda ýerasty suwlaryň jikme-jik gözlegleriniň üstünlikli durmuşa geçirilendigini gürrüň berýärler. Ekspedisiýanyň işgärleri bilen iş üstünde söhbetdeş bolanymyzda, bu zähmet köpçüliginiň suw gözleýjileri tarapyndan bulardan başga-da, ýylyň başyndan bäri «Altyn asyr» Türkmen kölüniň Zeňňi baba suw howdanyndan Türkmen kölüne çenli bolan akym ugrunda we oňa ýanaşyk meýdanlarda geoekologik, inžener-geologik we gidrogeologik barlag işleriniň giňden ýaýbaňlandyrylandygyna doly göz ýetirdik. Şol işleriň häzirki wagtda-da guramaçylykly dowam edýändigini ekspedisiýanyň baş gidrogeology Annamuhammet Baýarow bize gürrüň berdi.

Onuň bilen söhbetdeşligimiziň dowamynda ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek ýaly wajyp wezipäniň çözülmegine öz saldamly goşandyny goşýan ekspedisiýanyň işjeň agzalarynyň halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli edara-kärhanalar, gurluşyk işlerini alyp barýan telekeçiler bilen hem şertnama esasynda burawlaýyş işlerini alyp barýandyklaryna göz ýetirdik. Iş üstünde bolanymyzda ekspedisiýanyň halypa buraw ussasy A.Akimow bilen hem söhbetdeş bolduk. Onuň aýtmagyna görä, ekspedisiýanyň aýba-aý işleriniň ilerlemeginde buraw ussasy Aýat Akimow, esasy gidrogeologlar Çary Makgaýew, Erikgül Tagyýewa, 1-nji derejeli gidrogeolog Amangül Abylowa, geolog Döwran Körpäýew, 1-nji derejeli tehnik-gidrogeolog Orazjemal Kakajykowa, gidrogeolog Bagtyýar Jumanýazow, sürüjiler Döwran Haýtbaýew we Gurbandurdy Gaýşakow hem-de ýaş hünärmenlerden Muhammetnazar Aşyrow dagynyň her biriniň saldamly paýy bar.

Dädebaý NARTYÝEW,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.