Peýdaly maslahatlar

Saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar

https://ussatnews.com/storage/posts/661/original-160191a4e8fccd.jpeg

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär.

Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmak zerur bolup durýar.

Şol maksat bilen her birimiz:

1. Bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Ýöne derläp, öl saçly daşaryk çykmaga ýol bermeli däl.

2. Maşgala agzalarynyň ählisiniň burnunyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik edinmeli.

3. Pasyllara görä geýinmeli we witamin С — askorbin turşusyna baý önümleri kabul etmeli (miwe şireleri, bally we limonly gök çaý, itburun demlemesi, alma, pyrtykal miwe şireleri, kelem, käşir we beýleki bakja önümleri).

4. Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Onuň üçin penjiräni ýa-da gapyny wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmaly, ýöne şemalyň ugrunda özüňiz ýa-da çagalaryňyz durmaly däl.

5. Howanyň üýtgemegi bilen möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksadynda milli tagamlarymyz bolan gyzyl burç goşulan unaşy hem hepdede kabul etmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsidler, efir ýaglary, peýdaly maddalar adamyň bedeniniň kesele garşy göreş ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Unaş möwsümleýin keselleriň hem öňüni almakda we ony ýeňil geçirmekde örän ähmiýetli tagamdyr. Oňa gyzyl burç atyp peýdalanmak maslahat berilýär, sebäbi ol fitonsidlere baý.

6. Ýiti respirator ýokanç keselleriniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman öýde galmaly we maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Lukman tarapyndan bellenilen bejergini doly we dogry berjaý etmeli.

7. Asgyrylanda, üsgürilende hökman elýaglyk bilen agzy we burny ýapmaly.

8. Elleri elmydama arassa ýagdaýda saklamaly we ýygy-ýygydan sabynly suw bilen ýuwmaly, howpsuz 2 metr araçägi berjaý etmeli, agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynmaly.

9. Derman serişdelerini lukman bilen maslahatlaşman özbaşdak kabul etmeli däl. Esasan hem, bu antibakterial serişdelerine degişli. Sebäbi antibakterial serişdeleri wiruslara däl-de, bakterialara garşy ukyply. Olary özbaşdak ulanmak birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peselder.

10. Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin hökman hormatly

Prezidentimiziň bize peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki, käkilik oty ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmegi endik edinmeli.

11. Möwsümleýin kesellere garşy sanjymlar hem biziň ýurdumyzda ýola goýlan, her bir adam öz maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, olary hem kabul edip biler.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň

Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

Başga peýdaly maslahatlar
16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.


16631174d696af.jpeg
Gülli kelemiň peýdasy

Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.

165e747935707c.jpeg
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler

Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.


165b91eda2f571.jpeg
Beýiniň peýdasy

Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.