Beýiniň peýdasy
Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.
Miweleri tüýjümek, garamtyl-sary reňkli, iri, miwe sapaksyz, eti gaty, uzak saklanýan miwe bolup, ol daş ýerlere daşalanda zaýalanmaýar. Miwelerini çig görnüşde iýmek bolmaýar, miwesiniň içi köp çigitlidir. Miwelerinde 8,2-12,0% şeker, witamin C, pektin 0,33%-e çenli we 0,2-0,8% turşular saklanýar. Şeýle hem miwesiniň düzüminde eýleýji (dubil) maddalary, efir ýaglary saklanyp, beýi miwesine özboluşly ýakymly ys berýär. Şonuň üçin beýi mürepbesiniň ýakymly ysy bolýar.
Beýi alma we limon turşulyklaryna baý bolup, ol ynsan saglygyna oňaýly täsir edýän ýokumly maddalara baýdyr. Häzirki wagtda halk lukmançylygynda içgeçmede we içki organlardan gan gelende beýi tohumynyň gaýnadylan ergini ulanylýar. Ýürek, gan-damar keselleri sebäpli döreýän näsaglyklarda beýi atylan çaý içmek maslahat berilýär. Aslynda beýi iýmesi kynrak miwe hasaplanýar. Sebäbi onuň daşynda tüýjümek örtükler bolandygy üçin hem diýilýär. Emma, häzirki wagtda seçgiçiligiň ösmegi bilen seçgiçi alymlarymyz beýiniň tüýjümek örtüksiz ýa-da ýylmanak görnüşlerini döretdiler.
Taýýarlan: Albina ZAKIRJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Aýdym-saz täsin güýçdür
Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.
Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.