Peýdaly maslahatlar

Ajy burç

https://ussatnews.com/storage/posts/664/original-1601ac1eb3b3a4.jpeg

Ajy burç bedeniň alyş-çalşygyny gowulandyrýar. Ol aşgazanda we içegede howply bakteriýalaryň köpelmeginiň öňüni alýar. Tebigy burç antibiotik hökmünde hem giňden bellidir. Alymlar onuň hemme mikroblaryň takmynan 75 göterimini ýok edýändigini tassyklaýarlar. Ajy burç bakteriýalaryň köpelmeginiň öňüni almak bilen bir hatarda, gan damarlarynda emele gelýän goýy, uýan ganyň döremegine garşylyk görkezýär, damarlary giňeldýär, çişmelerde agyryny aýyrýar.

Burçuň düzümindäki antioksidantlar we witaminler («A» witamini) rak öýjükleriniň döremegini bökdeýär hem-de ganda holesteriniň derejesini azaldýar.

Ýiti ajy burç horlanmaga kömek etmek bilen, dokluk duýgusyny güýçlendirýär. Gyzyl burç maddalaryň çalyşmasyny 27 göterim tizleşdirýär, onda karotin köpdür. Onuň düzümi «C» witaminine, kalsiý, kaliý, fosfor, sink we marganes ýaly himiki elementlere baýdyr.

Sowuklan adamlara gyzyl burçuň peýdasy köpdür.

 

                    

Başga peýdaly maslahatlar
16a4a98f37215f.jpeg
Aýdym-saz täsin güýçdür

Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.


168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.


16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.