ÜZÜMIŇ SAGLYGA PEÝDASY
Üzümiň dermanlyk häsiýeti gadymy döwürlerden bäri mälimdir. Ol däneli we dänesiz, gara, sary reňkde bolýar. Ibn Sina özüniň «Lukmançylyk ylymlarynyň kanunlary» atly kitabynda üzümiň ter we kakadylan kişmişiniň içegelerde agyry dörände, böwregiň we peşew haltasynyň keselleri ýüze çykanda ulanylyşy barada belläp geçen bolsa, Seýit Ysmaýyl Gürgenli «Horezm şanyň genji-hazynasy» atly ylmy eserinde üzümiň göwnüçökgünlikde, nerw bozulmalarda giňden ulanylýanlygyny beýan edýär. Häzirki wagtda lukmançylykda üzüm we üzüm önümleri bilen bejeriş (ampleoterapiýa) üstünlikli ulanylýar.
Üzüm A, В, С, E, PP witaminlere we kalsiý, fosfor, magniý, kaliý, demir, natriý maddalara hem-de glýukoza, saharoza, fruktoza örän baýdyr. Şeýle-de üzümiň düzüminde bakterisid, antioksidant, neýrostimulirleýji, gurplandyryjy, şöhlelenmä, gaýnaglama garşy täsirli we beýleki bejeriji häsiýetli birleşmeleriň 300-e golaýy saklanýar. Düzümindäki bioflawonoidler ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny azaldýar. Ganyň düzümindäki holesterini belli derejede peseldýär. Şol sebäpli üzüm iýmegi halaýan adamlarda ateroskleroz keseli az duşýar, bu bolsa, garran çagy hem ýatkeşligini ýitirmän saklamak ukybyny ýokarlandyrýar. Üzüm arterial gan basyşynyň kadalaşmagyna hem peýdalydyr. Onuň düzümindäki kaliý we magniý ýüregiň, şeýle-de nerw, süňk-myşsa ulgamlarynyň kadaly işlemegine peýdalydyr. Üzümi ýerlikli ulanmak netijesinde ýürek-damar, nerw keselleriniň, ganazlygyň öňüni almak bolýar. Gara üzüm ganda gemoglobiniň derejesini ýokarlandyrýar, süňk ýiliginiň gan dörediji funksiýasyny işjeňleşdirýär.
Üzüm terligine hem-de kişmiş görnüşinde giňden ulanylýar. Kişmişiň düzümindäki bor osteoparoz keseliniň öňüni almakda, marganes galkan görnüşli mäziň kadaly işlemeginde, demir, magniý we В witamin topary adam bedenini gurplandyrmakda, ganazlygyň öňüni almakda peýdalydyr.
Üzümi semizlikden, süýjüli diabetden, allergiýa keselinden ejir çekýän adamlara seýrek we az mukdarda iýmek maslahat berilýär.
Merdan DURDYMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.
Gülli kelemiň peýdasy
Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler
Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.
Beýiniň peýdasy
Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.