Lukman Hekim - Düýe çaly siziň ähli derdiňize dermandyr
Rowaýatlarda beýän edilişine görä, Lukman Hekim ýarawsyz ýatyrka töweregindäkiler:
— Eý, Lukman Hekim, siziň barlygyňyzda biz derdimize melhem tapman kösenmändik. Sizden soň bizi kim bejerer, kim saglygymyzy gorar? — diýipdirler.
Şonda Lukman Hekim olaryň bu sowalyna parasatlylyk bilen şeýle jogap berenmiş:
— Adamlar, men bakyýete göç etsem, siz derdiňize melhem tapmarys öýdüp, gaýga galyp oturmaň. Düýe çaly siziň ähli derdiňize dermandyr. Düýe malynyň bar ýerinde kesel golaýyňyza gelmez. Onuň gudratyna ynanyberiň.
Düýe çalyny taýýarlamak üçin täze sagylyp alnan düýe süýdi zerurdyr. Süýt uly syrçaly pitilere ýa-da küýzelere guýulýar. Onuň üstüne turşulygy 100-150 dereje bolan gönezlik goşulyp, 2-3 minutlap garylýar. Diňe şondan soňra onuň üstüne 1,5-2 esse köp bolan möçberde suw guýlup, agzy mäkäm ýapylýar we basyrylyp goýulýar. Çal taýýar bolanda agaran ýüzüne çykýar. Ine, diňe şondan soňra seresaplylyk bilen, gaby hiç bir tarapa gozgaman, çalyň ýüzündäki agarany alynýar, çal bolsa şol gabyň içinde galdyrylýar. Şeýlelikde, halkymyzyň gadymy we iň bir şypaly önümi bolan düýe çaly taýýar bolýar.
Jana şypaly düýe çaly we agarany halkymyzyň milli gymmatlygy, saçagynyň bezegidir. Ol diňe bir teşneligiňi gandyrman, eýsem, ynsan bedeninde suwuň, witaminleriň gerek bolan mukdarda saklanmagyny üpjün edýär.
Meýlis GURBANOW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.
Gülli kelemiň peýdasy
Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler
Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.
Beýiniň peýdasy
Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.