Kömelek saýlamagy başaryň!
Kömelekler meýdanda garyşyk ösýärler. Olaryň zäherli we zähersiz görnüşi bolýar. Kömelekleriň arasynda göze görnüp duran tapawut ýok diýen ýaly, ýöne siňe syn etseň, olary tapawutlandyryp bolýar. Zäherli kömeleklere mahsus bolan käbir aýratynlyklar bar. Kömelegiň sütüni inçeden uzyn, telpejikleri iýilýän kömelekleriňkä garanyňda, ýukarak bolýar, telpejikleriniň aşagyndaky gasynlar biri-birinden daşrak we ýazgyn ýerleşýär, reňki sary, gyzyl, açyk bolýar. Kömelek çöpläniňde, örän ünsli bolmaly.
Olary akyp duran suwuň astynda ýekän-ýekän ýuwmaly. Soňra bişirilmeginiň öňüsyrasy bir gezek gaýnadyp, suwuny dökmeli.
Gara ýollaryň, demir ýollaryň gyrasynda biten kömelekleriň hem, edil zäherli kömelekler ýaly, saglyga howp salýandygyny ýatda saklamaly. Oňa zäherli kömelegiň iýilmegi we iýilýän kömelegiň nädogry taýýarlanmagy sebäp bolýar. Kömelekden zäherlenmäniň ilkinji alamatlary birnäçe sagat geçenden soňra ýüze çykyp başlaýar. Ähli zäherlenmede bolşy ýaly, ilki bilen, garyn boşlugynda güýçli agyry, gaýtarmak we içgeçme peýda bolýar. Şeýle alamatlar ýüze çykandan, lukmana ýüz tutmaly. Eger lukmana ýüz tutman, dert ötüşdirilse, zäherlenen adamyň ysgyndan gaçyp, güýçli derläp, agyz boşlugynda köp mukdarda tüýkülik ýygnanmagyna, ýüreginiň haýal urmagyna, gan basyşynyň pese düşmegine getirip biler. Derdiň agyrlaşmagy netijesinde näsagyň halynyň beterläp, dürli gaýraüzülmelere getirmegi mümkin. Lukmana ýüz tutulanda, bejeriş işleri zäherlenmäniň görnüşine görä geçirilýär. Zäherlenme näçe çalt we öz wagtynda duýulsa, ýüze çykyp biläýjek hadysalaryň öňüni almak ýeňil düşýär. Kömeleklere mahsus bolan ýene-de bir häsiýet adam bedeninde allergiýa (aşa duýgurlyk) döretmegidir. Muňa telpekli kömelekleriň köpeliş tozanjyklary sebäp bolýar.
Kömelegiň örän tiz zaýalanýan azyk önümlerine degişlidigi üçin ol ýyglyp alnandan soň, hatda sowadyjyda hem bir günden artyk saklamak maslahat berilmeýär.
Abadan BERDIÝEWA,
TSG we DSM-niň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.
Gülli kelemiň peýdasy
Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler
Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.
Beýiniň peýdasy
Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.