Türkmenistan we Aýlagdaky Arap Döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşi bilen hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler
03.08.22 - 18:01Wise-premýer, Daşary işler ministri R.Meredow bilen Aýlagdaky Arap Döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary Naýef Falah Mubarak Al-Hajrafyň arasynda geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Aýlagdaky Arap Döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Hormatly Prezidentimiz deňiz kenaryndaky täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
02.08.22 - 18:531-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazar deňziniň kenarynda bir wagtda 900-e golaý adamy kabul etmäge ukyply hem-de 240 maşgala niýetlenen täze döwrebap “Rowaç” kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu toplum «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş-şypahana düzüminiň üstüni ýetirdi.
«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň ikinji sany çap edildi
02.08.22 - 18:21Häzirki wagtda sport halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegidir. «Halklaryň arasyndaky bäsleşik, dostluk we özara düşünişmek» atly makalada Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek sambo boýunça dünýä çempionatynyň diňe bir Türkmenistanyň halkara sport abraýyny ýokarlandyrman, eýsem halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem pugtalandyrjakdygy hakynda aýdan sözleri getirilýär.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
02.08.22 - 17:29Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň känlerinde milli maýa goýumlary özleşdirmek işleri depginli dowam edýär
02.08.22 - 16:17Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow nebitgaz toplumy tarapyndan nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak hem-de ýakyn ýyllarda milli maýa goýumlary öz wagtynda özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti we ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümi zähmet rugsadyna çykdylar
01.08.22 - 14:22Türkmenistanyň Prezidenti we ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümi zähmet rugsadyna çykdylar.
Aşgabat şäheriniň prokurory bellеnildi
01.08.22 - 13:47Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ö.Şyhmämmedow hakynda
Türkmenistan EURO-5 we EURO-6 ülňülerine laýyk gelýän A-98 awtobenzinini eksport edip başlady
01.08.22 - 12:52Türkmenistan EURO-5 we EURO-6 ülňülerine laýyk gelýän A-98 awtobenzinini eksport edip başlady, onuň ilkinji tapgyry BAE-den we Owganystandan gelen işewürlere satyldy.
OPEC-iň täze baş sekretary 1-nji awgustdan wezipesine girişýär
01.08.22 - 12:49OPEC-iň täze baş sekretary — Kuweýtiň wekili Haýsam al-Gaýs 1-nji awgustdan wezipesine girişýär.
Ýurdumyzyň edermen gallaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler
31.07.22 - 12:59Ýurdumyzyň edermen daýhanlary Watan harmanyna 1 million 500 müň tonna golaý bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.
Mekgede we Medinede haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylary Watanymyza dolanyp geldiler
30.07.22 - 19:48Gurban baýramynyň nurana günlerinde ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden bolan türkmen zyýaratçylarynyň 275-si Mekgede we Medinede haj parzyny berjaý edip Watanymyza sag-aman dolanyp geldiler.
Türkmenistanyň Prezidenti gallaçy daýhanlary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmegi mynasybetli gutlady
30.07.22 - 19:17Türkmenistanyň Prezidenti gallaçy daýhanlary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmegi mynasybetli gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen gutlady
30.07.22 - 14:15Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrini wezipe belledi
30.07.22 - 13:49Türkmenistanyň Prezidenti söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrini wezipe belledi.
Ýurdumyzda azyk bolçulygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir
30.07.22 - 11:25Obasenagat toplumyny yzygiderli ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmeginde ähmiýetlidir.