
Raisi: Eýran mundan beýläk hem türkmen gazyny swoplaýyn Azerbaýjana ibermegini dowam etmäge taýýar
02.07.22 - 11:50Eýran geljekde hem öz çäginiň üsti bilen türkmen gazyny Azerbaýjana ibermäge taýýar. Bu barada Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygynda belledi diýip, IRNA habarlar agentligi habar berýär.

Nebitiň bahalary aşaklaýar, Brent — 108,84 dollar
02.07.22 - 11:43ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň haýallaýandygy we energiýa serişdelerine bolan islegiň peselmeginiň mümkinligi baradaky nobatdaky yşaratlaryň çäginde anna güni nebitiň bahalary aşaklap, hepdäni peselmek bilen tamamlaýar diýip, Interfaks habar berýär.

Türkmen-wýetnam işewürler forumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmegi maksat edinýär
02.07.22 - 10:4029-njy iýunda Türkmenistanyň wekilýetiniň iş saparynyň çäklerinde Wýetnamyň paýtagty Hanoýda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge we Türkmenistan bilen Wýetnamyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen türkmen-wýetnam işewürler maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň altynjy Hazar sammitindäki Çykyşy
01.07.22 - 08:12Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň altynjy Hazar sammitindäki Çykyşy.

Fransiýa nebit öndüriji ýurtlary önümçiligini artdyrmaga çagyrdy
30.06.22 - 21:41Fransiýa bahalaryň artmagynyň dowam etmeginiň çäklerinde nebit öndüriji ýurtlary onuň önümçiligini artdyrmaga çagyrdy diýip, Interfaks fransuz habar beriş serişdelerine salgylanyp habar berýär.

Serdar Berdimuhamedow: Ykdysady ulgam Hazardaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar
30.06.22 - 21:35Ykdysady ulgam Hazardaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitinde eden çykyşynda belledi.

Wladimir Putin: «Gazpromyň» ýolbaşçylary ýakynda Türkmenistana geler
30.06.22 - 21:29Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin «Gazpromyň» ýolbaşçylarynyň ýakyn wagtda Türkmenistana geljekdigini habar berdi.Bu barada Russiýanyň Lideri 29-njy iýunda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammiti tamamlanandan soň, žurnalistleriň sowalyna beren jogabynda aýtdy diýip, Russiýanyň Prezidentiniň saýty habar berýär.

Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammiti «Hazar bäşliginiň» hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ymtylyşyny tassyklady
30.06.22 - 21:1829-njy iýunda Aşgabatda Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda altynjy Hazar sammiti geçirildi. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabat duşuşygy kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynda guraldy. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de iri halkara çäreleri guramak üçin ähli şertler döredildi.

«Türkmennebit» we «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd.» Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygy 2035-nji ýyla çenli uzaltdylar
30.06.22 - 15:13Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugrudyr. Nebit-gaz toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň giň gerimli maksatnamasyny amala aşyrmak bilen ýurdumyz dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr.

Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi
30.06.22 - 00:50Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy Hazar Sammiti geçirildi. Sammite Hazar «bäşliginiň» döwlet Baştutanlary ‒ Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy
30.06.22 - 00:2129-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI Sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
29.06.22 - 19:5929-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI Sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy
29.06.22 - 19:3529-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Altynjy Hazar Sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
29.06.22 - 19:2229-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Alyýew bilen duşuşdy.

Türkmenistan «Dragon Oil» kompaniýasy bilen bilelikde Hazar deňzindäki känleri özleşdirmek işini çaltlaşdyrmagy meýilleşdirýär
28.06.22 - 09:11Türkmenistanda Hazar deňziniň türkmen kenaryny özleşdirmek, hususan-da, Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyk esasynda «Çeleken» şertnamalaýyn çägini özleşdirmek işlerini netijeli dowam etdirmek babatda çäreler görülýär. Bu barada geçen anna güni hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer Şahym Abdrahmanow hasabat berdi.