Habarlar
1637bb1b4cf2a4.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
21.11.22 - 09:13

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.


163771cbf7c691.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň nebit ministri bilen nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
18.11.22 - 10:48

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owji bilen geçiren duşuşygynda nebitgaz ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy Bu barada TDH agentligi habar berýär.


16375cf9a9d080.jpeg
Türkmenistanda türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly geçirilýär
17.11.22 - 10:07

16-njy noýabyrda Daşoguz şäherinde Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň dabaraly açylyşy boldy. Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri O.Nazarbekowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar dostluk festiwalyna gatnaşmagy goňşy ýurtlaryň gatnaşyklarynda täze sahypany açmaga ýardam berer.


16375a7d88e1ff.jpeg
Ýurdumyzda 2023-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilen sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň Sanawy tassyklanyldy
17.11.22 - 08:17

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2023-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilen sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň, festiwallaryň sanawy we olary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy.


16375a4a2b874e.jpeg
Hökümetara Türkmen-rus toparynyň başlyklary Moskwada geçiriljek mejlisiň gün tertibini maslahatlaşdylar
17.11.22 - 08:04

Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparyna bilelikde başlyklyk edijileriň - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary A.Owerçugyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.


1637598acf0960.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň wise-premýeri bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy
17.11.22 - 07:13

Prezident Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus tarapynyň başlygy Alekseý Owerçuk bilen geçiren duşuşygynda türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň meselelerini maslahatlaşdy. Bu barada TDH habar berýär.


163748d9e5417c.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalyna gatnaşyjylary gutlady
16.11.22 - 12:13

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalyna gatnaşyjylary gutlady


16374883b6dbcd.jpeg
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Özbek we türkmen halklarynyň dostluk festiwalyna gatnaşyjylary gutlady
16.11.22 - 11:50

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Özbek we türkmen halklarynyň dostluk festiwalyna gatnaşyjylary gutlady.


163747ce7b86ff.jpeg
«Türkmennebitönümleri» Daşoguz welaýatyndaky oba hojalyk tehnikalaryny ýangyç bilen üpjün edýär
16.11.22 - 11:02

Demirgazyk welaýatyň pagtaçy ýer eýeleri hem «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan şu ýylky oba hojalyk ýylynda 155 müň gektar meýdanda gowaçanyň bereketli hasylyny kemala getirmek bilen, pagta ýygymy möwsüminde 275 müň tonna «ak altyn» ýygyp, Watan harmanyna goşarlar.


16374773adfb6c.jpeg
Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde nebitgazçy işçi-hünärmenler täze tehnologiýalary özleşdirýärler
16.11.22 - 10:38

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda, şol sanda nebitgaz ulgamynda-da önümçilige innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylyp, onuň döwrebaplaşdyrylýan döwründe täze tehnologiýalardan, sanly ulgamdan kämil derejede baş çykarýan işçi-hünärmenleri taýýarlamaklygy möhüm wezipeleriň biri hökmünde öňde goýýar.


16373e9f1afa14.jpeg
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary» atly saz festiwaly geçirilýär
16.11.22 - 00:35

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary» atly saz festiwalyny geçirýär, festiwalyň çäklerinde 2022-nji ýylyň noýabr aýynyň dowamynda ýaş sazandalaryň konsert çykyşlary geçirilýär.


16373d9d6c6d46.jpeg
Nusgalyk zähmetiň mysaly
15.11.22 - 23:26

«Türkmengeologiýa» DK-nyň baş hasapçysy Oguljemal Kakajanowanyň durmuşynda bolup geçen möhüm waka — onuň ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglanmagy ol barada okyjylarymyza gürrüň bermäge itergi berdi.


16373d4156679f.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
15.11.22 - 23:01

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.


1637214fb7315c.jpeg
Hökümet mejlisinde nebiti çykarmagy artdyrmagyň we gaýtadan işlemegiň çäreleri maslahatlaşyldy
14.11.22 - 15:14

Geçen anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedyň sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde ýurdumyzda nebitiň çykarylýan möçberlerini artdyrmagyň we nebiti gaýtadan işlemegiň meseleleri maslahatlaşyldy.


163721477523d7.jpeg
Ärdogan Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Liderleri bilen Türkiýede «gaz habynyň» taslamasyny maslahatlaşar
14.11.22 - 15:12

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan dekabr aýynyň başynda Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Liderleri bilen Russiýa tarapyndan hödürlenen «gaz habynyň» taslamasyny maslahatlaşar diýip, RIA Nowosti habar berýär.