ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda dünýäde nebitiň sarp edilişiniň çaklamasyny 99,82 mln b/g çenli artdyrdy
10.11.22 - 08:162022-nji ýylda dünýäde nebitiň we suwuk uglewodorodlaryň sarp edilişi günde 99,82 mln barrele deň bolar. Bu 2021-nji ýyldakydan 2,26 mln b/g artykdyr. Bu barada ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň Energetika maglumatlary müdirliginiň aýlyk çaklamasynda aýdylýar diýip, Interfaks habar berýär.
Türkiýe tebigy gazyň bahalaryny emele getirmäge gatnaşmagy meýilleşdirýär
10.11.22 - 08:11Türkiýe öz çäginde gaz merkezi açylandan soň, tebigy gazyň bahalaryny emele getirmäge gatnaşmaga bil baglaýar. Bu barada sişenbe güni ýurduň energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
09.11.22 - 13:42Prezident Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýanyň işleri boýunça kömekçisi Donald Lu bilen duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan we ABŞ söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmäge ymtylýar — DIM
09.11.22 - 13:30Türkmenistan we ABŞ söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmäge ymtylýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Daşary işler ministrliginde ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa gatnaşyklary boýunça kömekçisi Donald Lunyň baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygynda bellenilip geçildi.
2024-nji ýyly Magtymguly Pyragy ýyly, Änew şäherini bolsa Türki dünýäniň medeni paýtagty diýip yglan edildi
08.11.22 - 13:28Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde oňa gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly”, Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek hakynda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlaryny biragyzdan goldadylar.
Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini ýanwar-oktýabr aýlarynda 6,2%-e ýetdi
07.11.22 - 10:13Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi ýanwar-oktýabr aýlarynda 6,2 göterim derejesinde saklandy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlap geçiren Hökümet mejlisinde belledi.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
07.11.22 - 09:03Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda on aýda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy
06.11.22 - 17:44Düýn, 5-nji noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2022-nji ýylyň 10 aýynyň işiniň netijeleri maslahatlaşyldy
06.11.22 - 12:56Geçen anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda halk hojalygynyň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berildi
06.11.22 - 02:165-nji noýabrda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berildi.
Türkmenistan we Azerbaýjan Russiýanyň nebitgaz kompaniýalary üçin «penjire» bolup biler — Alekperow
05.11.22 - 15:17Russiýanyň nebitgaz kompaniýalary Azerbaýjanda we Türkmenistanda ösmek üçin mümkinçilik alyp bilerler. Bu barada Abu-Dabide (ADIPEC) Nebitgaz pudagy boýunça Halkara serginiň we maslahatynyň çäklerinde Russiýanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň müdirliginiň agzasy Wagit Alekperow žurnalistlere habar berdi. Bu barada Orient ýazýar.
Türkmenistan Hytaýa tebigy gazy iň iri iberiji ýurt bolmagynda galýar
05.11.22 - 14:01Şu ýylyň başyndan bäri Hytaýa gaz iberiji iň iri ýurt Türkmenistandyr diýip, Interfaks agentligi HHR-iň Gümrük boýunça baş administrasiýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.
Тürkmen-rus parlamentara hyzmatdaşlygy öz ösüşinde täze itergä eýe boldy
04.11.22 - 14:23Türkmenistanyň Milli Ge¬ňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 1-3-nji noýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Ge¬ňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça Moskwa resmi saparyny amala aşyrdy.
Napeco Milli nebitgaz kompaniýasy Dragon Oil PSA-dan Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşykdan 5% paýnama aldy
03.11.22 - 13:29Napeco türkmen milli nebitgaz kompaniýasy Dubaýda ýerleşen we Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky Çeleken käninde iş alyp barýan Dragon Oil kompaniýasy bilen Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşykdan 5% paýnama aldy. Bu barada Argus garaşsyz nyrh agentligi habar berdi.
Gazagystan Türkmenistan bilen Hazar deňzinde döwlet serheti hakynda şertnamany tassyklady
03.11.22 - 13:20Çarşenbe güni Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Hazar deňzinde türkmen-gazak döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we balyk tutulýan zolaklaryň ýanaşyk böleklerinde çäk çekmek hakynda Türkmenistan bilen şertnamany tassyklamak hakynda Kanuna gol çekdi. Ýurtlaryň arasyndaky ylalaşyga 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda gol çekilipdi diýip, Gazagystanyň baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär.