“Röwşen” hususy kärhanasy Daşoguz atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzeler
09.01.23 - 03:10Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 23-nji iýulynda çykaran 195-nji Kararyna laýyklykda, Daşoguz atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzelemek we oňa döwrebap örtügi düşemek hem-de toplumda abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek barada “Röwşen” hususy kärhanasy bilen goşmaça ylalaşyk baglaşmaga ygtyýar berildi.
Pekinde Türkmenistanyň Prezidentiniň we HHR-iň Başlygynyň gepleşikleri geçirilýär
06.01.23 - 12:05Anna güni Pekinde Hytaý Halk Respblikasyna (HHR) döwlet saparyny amala aşyrýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler başlandy diýip, TDH habar berýär.
Pekinde gol çekilen resminamalaryň hatarynda — «Türkmengaz» DK bilen CNPC-niň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama bar
06.01.23 - 12:03Pekinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasyndaky gepleşikleriniň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi diýip, TDH habar berýär.
«Arkadag şäheri — bagtyýarlyk mekany»
06.01.23 - 10:22Şeýle at bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň ähli pudaklaryndan ýolbaşçylar we zähmet köpçüligi gatnaşdy.
Türkmenistan we Hytaý gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer
06.01.23 - 12:00Türkmenistan bilen Hytaý gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Bilelikdäki Beýannamasynda aýdylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylda kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň, dalaşgärleriň, ordinatorlaryň sany tassyklady
06.01.23 - 03:12Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýa başlan saparynyň barşynda resminalar bukjasyna gol çekmek meýilleşdirilýär
05.01.23 - 11:31Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa boljak döwlet saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, saparyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar. Bu barada wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
05.01.23 - 11:14Prezident Serdar Berdimuhamedowyň täze, 2023-nji ýylda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenbaşyda çagalar üçin täze ýyl ertekisiniň sahnalaşdyrmasy üstünlikli geçirildi
04.01.23 - 17:15Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Medeni-sport toplumynda «Jadyly hasa ýa-da Garpamygyň başdan geçirenleri» sahnasynyň görkezilişi boldy. Sahna eserini teatr studiýasynyň režisýory Natalýa Kuznesowa goýdy. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berdi.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
03.01.23 - 18:43Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.
Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalara täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
02.01.23 - 14:111-nji ýanwarda Söwda-senagat edarasynyň zalynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Täze ýyl mynasybetli sowgatlar gowşuryldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy
01.01.23 - 08:18Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy.
Hormatly Prezidentimiz çagalary bilen Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabarasyna gatnaşdy
31.12.22 - 05:1530-nji dekabrda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda çagalar toparlarynyň, estrada artistleriniň, teatr we sirk ussatlarynyň gatnaşmagynda Täze ýyl mynasybetli guralýan baýramçylyk dabarasyna gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
31.12.22 - 04:5130-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň meýdançasyndaky ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen 2-nji ýanwar iş güni däl diýlip yglan edildi
30.12.22 - 07:14Türkmenistanda 2-nji ýanwar iş güni däl diýlip yglan edildi. Degişli Permana Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.