
Türkmenistan Hytaýa tebigy gazy iň iri iberiji ýurt bolmagynda galýar
05.11.22 - 14:01Şu ýylyň başyndan bäri Hytaýa gaz iberiji iň iri ýurt Türkmenistandyr diýip, Interfaks agentligi HHR-iň Gümrük boýunça baş administrasiýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

Тürkmen-rus parlamentara hyzmatdaşlygy öz ösüşinde täze itergä eýe boldy
04.11.22 - 14:23Türkmenistanyň Milli Ge¬ňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 1-3-nji noýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Ge¬ňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça Moskwa resmi saparyny amala aşyrdy.

Napeco Milli nebitgaz kompaniýasy Dragon Oil PSA-dan Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşykdan 5% paýnama aldy
03.11.22 - 13:29Napeco türkmen milli nebitgaz kompaniýasy Dubaýda ýerleşen we Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky Çeleken käninde iş alyp barýan Dragon Oil kompaniýasy bilen Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşykdan 5% paýnama aldy. Bu barada Argus garaşsyz nyrh agentligi habar berdi.

Gazagystan Türkmenistan bilen Hazar deňzinde döwlet serheti hakynda şertnamany tassyklady
03.11.22 - 13:20Çarşenbe güni Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Hazar deňzinde türkmen-gazak döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we balyk tutulýan zolaklaryň ýanaşyk böleklerinde çäk çekmek hakynda Türkmenistan bilen şertnamany tassyklamak hakynda Kanuna gol çekdi. Ýurtlaryň arasyndaky ylalaşyga 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda gol çekilipdi diýip, Gazagystanyň baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we YHG-nyň Baş sekretary Guramanyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine taýýarlygy maslahatlaşdy
02.11.22 - 18:35Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziriniň arasynda wideokonferensiýa arkaly geçirilen duşuşykda YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Türkmenistan Hazaryň üsti bilen Ýewropa gaz geçiriji gurmak meýillerini dowam edýär
02.11.22 - 16:38«Hazarüsti gaz geçirijisi gün tertibinden aýrylanok». Bu barada Türkmenistanyň wise-premýeri Şahym Abdrahmanow Abu-Dabide ADIPEC maslahatynda belläp geçdi diýip, Interfaks habar berýär.

Türkmenistanyň we Pakistanyň parlamentara gatnaşyklary energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilişine ýardam eder
01.11.22 - 11:47Ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Muhammad Sadik Sanjrani bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy diýip, TDH agentligi habar berýär.

Türkmenistan Abu-Dabide ADIPEC nebitgaz forumyna gatnaşýar
01.11.22 - 09:37Türkmenistanyň wekiliýeti 31-nji oktýabrda Abu-Dabide (BAE) açylan ADIPEC nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşýar.

Türkmenistan energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga tarap möhüm ädim ätdi
01.11.22 - 00:2126 — 28-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022” atly XXVII halkara maslahaty we sergisi energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny kesgitledi.

Täze oba gaz geldi
31.10.22 - 12:12Halaç etrabynyň Akgala geňeşliginiň Garagum çölüniň eteginde ýerleşýän Kekreli obasyna tebigy gaz geldi. Elbetde, ýurdumyzda ilatly ýerleriň aglabasynyň gazlaşdyrylan döwründe bu habaryň adaty bir zat hökmünde kabul edilmegi hem mümkin. Gadyrly okyjylarymyzdan şeýle netije çykarmaga howlukmazlygy haýyş edýäris. Bu wakanyň esasy özeni başga, has möhüm meselelerde jemlenýär. Ol bolsa hormatly Prezidentimiziň ilatyň bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen parasatly syýasatyndan gözbaşyny alýar.

Türkmenistanyň Prezidenti: nebitgaz toplumynyň ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda gazhimiýa we gazy gaýtadan işlemek bar
31.10.22 - 10:54Gazhimiýa senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, tebigy gazy gaýtadan işlemek we öndürilýän önümleriň möçberlerini ýokarlandyrmak häzirki wagtda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda belledi.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
31.10.22 - 09:17Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.

«Türkmennebit» DK we Hybrid Innovation enjamlary ibermek üçin şertnama baglaşdylar
29.10.22 - 12:17«Türkmennebit» döwlet konserni we Germaniýanyň Hybrid Innovation GmbH kompaniýasy penşenbe güni «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara forumynyň çäklerinde şertnama baglaşdylar. Enjamlary ibermek boýunça şertnamanyň bahasy 6 mln ýewrodan gowrak boldy.

Daşary ýurtly maýadarlara Türkmenistanda durmuşa geçirilýän «ýaşyl» taslamalara gatnaşmak teklip edildi
29.10.22 - 12:02OGT — 2022 Halkara maslahatynyň çäklerinde daşary ýurtly maýadarlar Türkmenistanda «ýaşyl» taslamalary durmuşa geçirmäge çagyryldy. Bu barada Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow «Täze eýýamyň energetikasy: içerki we sebit ösüşiniň mümkinçilikleri» sessiýasynda eden çykyşynda belledi.

OGT-2022-de TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň görkezilişi boldy
29.10.22 - 11:36OGT—2022 Halkara maslahatynyň çäklerinde TAPI Pipeline Compani Limited kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammetnur Amanow Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi barada habar berdi.