Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» kitaby Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýine sowgat boljak
27.09.21 - 05:40Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylara jemleýji sözi bilen ýüzlenip nobatdaky kitabyny ýazyp gutarandygyny hem-de ony «Garaşsyzlyk — bagtymyz» diýip atlandyrandygyny aýtdy.
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli sergi geçirildi
22.09.21 - 19:34“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýubileý ýylynyň 21-22-nji sentýabyrda Aşgabatda ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli iki günlük geçirilen sergi milli ykdysadyýetimiziň haýran galdyryjy üstünlikleriniň aýdyň beýanynyň subutnamasyna öwrüldi.
Bäsleşigiň jemi jemlenildi
21.09.21 - 19:23Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edara binasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli hem-de «Nebit-gaz» gazetiniň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanyp, yglan edilen «Nurly şuglasyny saçyp äleme — Garaşsyzlyk bagt getirdi ilime» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi.
Köpetdag şaýolunyň ugrunda bina edilen täze Döwlet münberiniň toplumy açyldy
17.09.21 - 03:0916-njy sentýabrda, eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Köpetdag şaýolunyň ugrunda bina edilen täze Döwlet münberiniň toplumy açyldy. Bu toplum Ýurdumyzyň taryhyndaky şanly seneler mynasybetli dabaraly çäreleriň geçiriljek ýeri bolar.
Aşgabat şäherinde döwrebap seýilgäh hem-de ýerasty geçelgeleri açyldy
16.09.21 - 12:08Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-günbatar tarapynda döwrebap seýilgähiň hem-de ýerasty geçelgeleriň açylmagy ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllyk senesi mynasybetli halkymyza ajaýyp toý sowgady boldy.
Ýurdumyzyň wekiliýeti VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy
11.09.21 - 08:0810-njy sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti onlaýn tertipde VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň edara ediş merkezine Azerbaýjan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Russiýadan, Özbegistan Respublikasyndan wekilleri jemledi.
Türkmenistanyň Prezidenti "Ýaňlan, Diýarym" telebäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglady
09.09.21 - 17:55Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigine ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden ýaş aýdymçylar gatnaşyp, öz aralarynda bäsleşdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginde tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglady
06.09.21 - 17:03Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginde özleriniň zehinlerini görkezip, tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda Hökümet münberi açylar
05.09.21 - 17:3716-njy sentýabrda, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, paýtagtymyzda Köpetdag şaýolunyň ugruny bezejek Hökümet münberiniň açylmagy göz öňünde tutulýar. Bu gurluşygy “Bouygues Batiment Internasional” fransuz kompaniýasy alyp barýar.
Ýuriý Şkuriniň taryhy surat kyssasy
01.09.21 - 14:44«Türkmenistan» gazetiniň aksakgaly, fotohabarçy Ýuriý Iwanowiç Şkurin şunuň ýaly berk düzgün-nyzamda laýyk 44 ýyl işledi. Biz öz işiniň ussady Ýuriý Şkurin bilen her gün diýen ýaly duşuşýardyk, sebäbi ol, bagtymyza, biziň hem «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetimiziň fotohabarçysydy. Ýuriý Iwanowiçiň mylakatly, hoşgylaw häsiýetlidigi üçin ol hakda ähli zady diýen ýaly bilýärdik.
Hormatly Prezidentimiz dabaraly harby ýörişi geçirmegiň meýilnamasyny makullady
01.09.21 - 09:21Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow goranmak ministri B.Gündogdyýew bilen iş maslahatyny geçirdi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasibetli dabaraly çäreler geçiriler
28.08.21 - 15:16Şanly sene mynasybetli döredijilik duşuşyklary, sanly ulgam arkaly maslahatlar, sergiler, aýdym-sazly çykyşlar, şygryýet agşamlary, mowzuklaýyn maslahatlar geçiriler we yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemleniler.
Maryly tansçy Jeýhun Aga-Tagyýew Aşgabatda boljak «Tomus gijesinde görlen düýş» atly konsertde çykyş eder
20.08.21 - 15:2921-nji awgustda Maryly tansçy Jeýhun Aga-Tagyýew Aşgabatda “Türkmenistan” kino-konsert zalynda boljak «Tomus gijesinde görlen düýş» atly konsertde çykyş eder.
«Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
20.08.21 - 08:40Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan ýylyň her çärýeginde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
Aşgabyň Botanika bagynda çeper elleri bilen döredilen ownuk önümleriň ýörite bazary geçirildi
18.08.21 - 14:31Geçen ýekşenbe gününde aşgabyň Botanika bagynda türkmen ussalarynyň çeper elleri bilen döredilen ownuk önümleriň ýörite bazary – “El hünäri” geçirildi, diýip «Türkmenistan altyn asyr» saýty habar berýär. Ol, oglanlar üçin gips şekillerini reňklemegiň, gyzlar üçin bolsa monjuklardan we hünjülerden bilezik ýasamagyň ussatlyk sapagy bilen başlandy.