Habarlar
16564868470828.jpeg
COP-28 maslahatynda Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan eder
27.11.23 - 17:07

30-njy noýabrdan 12-nji dekabr aralygynda BAE-de Dubaýda geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (СOP-28) Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan eder.


16564819b4d62e.jpeg
Prezident: «Türkmengaz» DK-nyň desgalaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem giňeltmeli
27.11.23 - 16:46

Geçen anna güni, 24-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler, başga-da birnäçe meseleler girizildi.


165618ade7cd4d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylmagy dilen gutlady
25.11.23 - 10:49

Türkmenistanyň Prezidenti Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylmagy dilen gutlady.


1655f78046b17e.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz ulgamynda Malaýziýa bilen üstünlikli hyzmatdaşlygy belledi
23.11.23 - 21:04

Çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.


1655d72c827d74.jpeg
Malaýziýanyň täze ilçisi bilen ileri tutulan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy
22.11.23 - 08:17

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


1655b88d3eacdf.jpeg
Türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalara gol çekildi
20.11.23 - 21:26

17-18-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň 17-nji mejlisi energetika we awtoýollaryň gurluşygynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekmek bilen tamamlandy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.


1655b7b1eb70a4.jpeg
Döwlet Baştutany «Türkmengaz» DK-nyň düzümlerinde öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagyň möhümligini belledi
20.11.23 - 20:28

Prezident Serdar Berdimuhamedow 17-nji noýabrda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna hem-de beýleki käbir meselelere garaldy.


165560deeca936.jpeg
Nebitgaz, ulag, ekologiýa — Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda
16.11.23 - 17:41

Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça komitetleriň başlyklary R.Meredowyň we H.Tsubaýyň arasynda geçirilen söhbetdeşlikde energetika, gaz-himiýa we nebiti gaýtadan işlemek pudaklardaky, ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine üns çekildi.


1655359db80d27.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň täze bellenen ilçisi bilen ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösüşini maslahatlaşdy
14.11.23 - 16:28

Duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehanini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.


165522593de736.jpeg
Ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3% boldy
13.11.23 - 18:33

On aýda Türkmenistanda jemi öndürilen önümiň möçberi 6,3 göterim artdy. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow 10-njy noýanrda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi. Mejlisiň barşynda şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.


165522350a6de1.jpeg
Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işiniň on aýynyň jemleri jemlendi
13.11.23 - 18:23

Geçen anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


1654e37b0567e2.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 16-njy sammitindäki ÇYKYŞY
10.11.23 - 19:01

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 16-njy sammitindäki ÇYKYŞY.


1654e21d24275c.webp
Türkmenistanyň Prezidenti YHG ýurtlaryna Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek teklibini öňe sürdi
10.11.23 - 17:28

Prezident Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisinde çykyş edip, YHG-niň ýurtlaryna Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek teklibini öňe sürdi diýip, TDH habar berýär.


1654cdcadbf425.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan YHG ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň we elektroenergiýanyň möçberlerini artdyrmaga taýýar
09.11.23 - 18:20

Prezident Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisinde çykyş edip, YHG-niň ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň we elektroenergiýanyň möçberlerini artdyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny mälim etdi.


1654dd8463a0d7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Daşkentde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisine gatnaşýar
09.11.23 - 14:46

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisine gatnaşmak üçin Daşkende bardy.