Habarlar
161b4bf9592842.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
11.12.21 - 20:11

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň nebitgaz, senagat, ulag, oba hojalyk, medeniýet we beýleki pudaklaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, karar edýärin:


161b4ba62439a8.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
11.12.21 - 19:49

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamaly:


161b4b11d29f86.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli çykarylan ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda Karary
11.12.21 - 19:09

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli çykarylan ýadygärlik nyşany bilen sylaglanyldy.


161b4ace8b0c91.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylaryň käbirini ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda Karary
11.12.21 - 18:51

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu ýolbaşçylar ýadygärlik nyşany bilen sylaglanyldy.


161b3696a917df.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi
10.12.21 - 19:51

9-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi.


161b2447ebb4c8.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kanslerini gutlady
09.12.21 - 23:01

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Olaf Şolsa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri wezipesine saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.


161b063bb203d2.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti: nebitgaz toplumynyň mümkinçiliklerini has netijeli durmuşa geçirmeli
08.12.21 - 12:50

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.


161ad09df913c6.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýramyna we Hindistan — Merkezi Aziýa sammitine çagyryldy
05.12.21 - 23:50

Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Hindistanyň Garaşsyzlygynyň 75 ýyllygynyň baýramyna we Hindistan — Merkezi Aziýa ýokary derejeli sammitine gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Hindistanyň Premýer-ministriiniň türkmen Liderine iberen hatynda bellenilip geçilýär.


161aa47e4dec21.jpeg
Russiýa bilen Türkmenistanyň Owganystan babatda çemeleşmeleri ýakyn — RF-niň ilçisi
03.12.21 - 21:37

Geçen ýekşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) döwlet Baştutanlarynyň 15-nji sammitiniň jemleri boýunça penşenbe güni guralan brifingde eden çykyşynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin Owganystandaky ýagdaýa çemeleşmekde Moskwa bilen Aşgabadyň çemeleşmeleriniň ýakynlygyny belledi.


161a9d6654785e.jpeg
Aşgabat sammiti dünýä metbugatynyň sahypalarynda
02.12.21 - 23:30

Şu ýylyň 28-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde ýokary derejede geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň uly gyzyklanmalaryna eýe boldy.


161a79afd44850.jpeg
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Duşenbede ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerini maslahatlaşdy
01.12.21 - 20:55

«Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumynyň 14-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen geçiren duşuşygynda ikitarapalýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


161a65bfd29453.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
30.11.21 - 22:14

29-nji noýabyrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.


161a4f57fbebbd.jpeg
Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde YHG-nyň 15-nji sammiti geçirildi we Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy kabul edildi
29.11.21 - 20:45

28 noýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammiti geçirildi. Köpugurly işewürlik merkezli täze “Garagum” oteli nobatdaky duşuşygyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de halkara ähmiýetli möhüm çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi.


161a35b401abb5.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglady
28.11.21 - 15:34

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglanyldy.


161a25997295af.jpeg
Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlady
27.11.21 - 21:15

Şu gün Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza iki günlük döwlet sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi.