Habarlar
16051026a5d337.jpeg
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap ýyladyşhanalar işe giriziler
17.03.21 - 00:11

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde, 25-nji martda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gaýgysyz Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginde döwrebap ýyladyşhananyň açylyş dabarasy geçiriler.


16050e836117a5.png
Ýurdumyzda Nowruz baýramy giňden bellenip geçiler
16.03.21 - 22:19

Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli ýerinde ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler. Baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ajaýyp künjeklerinde köpçülikleýin medeni çäreler guralyp, şolarda türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary, şol sanda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklary, Türkmenistanyň medeniýeti we sungaty ösdürmekde häzirki döwürde ýeten derejesi öz beýanyny tapar.


1604fa8984cb5d.jpeg
“Sanly çözgüt — 2021” atly nobatdaky bäsleşigi geçirmek meýilleşdirilýär
15.03.21 - 23:35

Täze programma üpjünçiligini taýýarlamak, ornaşdyrmak bilen meşgullanýan ýaş zehinleri ýüze çykarmak, höweslendirmek boýunça innowasion taslamalaryň “Sanly çözgüt — 2021” atly nobatdaky bäsleşigi geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň jemi “Türkmentel — 2021” atly halkara serginiň çäklerinde jemlener.


1604f9f3a8ddc8.jpeg
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary GDA-nyň wirtual sergisine gatnaşýar
15.03.21 - 22:55

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklarynyň kärhanalary «GDA—30 ýyl» ykdysady forumynyň çäklerinde 11-12-nji martda geçirilen GDA-nyň EKSPO onlaýn-sergisine gatnaşdylar. Bu forum gurama agza döwletleriň işewür wekillerini jemledi. Bu bolsa önümleri Arkalaşygyň çäklerinde öňe sürmäge we täze işewür gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edti.


1604e3f1047dc4.jpeg
Ýurdumyzda sement kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklary artdyrylar
14.03.21 - 21:55

Ýurdumyzda sement kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak maksady bilen Milli Liderimiziň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda “Bäherden” sement zawodynyň ikinji tapgyryny, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda “Lebap” sement zawodynyň ikinji tapgyryny gurmak hakyndaky Kararlary esasynda, ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen “Beýik bina” hususy kärhanasynyň, “Türkmen enjam” hojalyk jemgyýetiniň arasynda, degişli şertnamalar baglaşyldy.


1604deec697983.jpeg
Daşoguz welaýatynda çagalar üçin niýetlenen döwrebap dynç alyş seýilgähi gurular
14.03.21 - 16:13

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň ýaşaýjylarynyň teklibi bilen çagalar üçin niýetlenen döwrebap dynç alyş seýilgähi gurular.


1604de04ce46df.jpeg
Söwda merkezlerini Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna hususylaşdyrmak teklip edilýär
14.03.21 - 15:16

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde geçirilen seljermeleriň netijeleri boýunça söwda merkezlerini Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna göni (salgyly) hususylaşdyrmak teklip edilýär.


1604ba1f5ad92a.jpeg
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar
12.03.21 - 22:23

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň geçen iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri Garaşsyz döwletimiziň ýokary depginlerde ösmegini dowam edýändigini görkezýär. Ykdysadyýetimizde jemi içerki önümiň görkezijisi ýylyň başyndan bäri 5,9 göterim, oba hojalygynda hem ösüş depgini 3,1 göterim derejede saklanýar. Bu görkeziji söwdada 12,8, ulag-aragatnaşyk pudagynda 4,7 göterim boldy.


160446c7b0db2b.jpeg
Sekiz we ondan köp çaga dogran hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy
07.03.21 - 11:02

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi, resminama laýyklykda, sekiz we ondan köp çaga dogran hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy.


160438cfc1898d.jpeg
Türkmenistanda 20-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi
06.03.21 - 19:10

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem “Türkmenistanda 2021-nji ýylda bag ekmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran 2143-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2021-nji ýylyň 20-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi.


1604128cc47de9.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitinde eden çykyşy
05.03.21 - 13:24

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitinde eden çykyşy


160412580c867a.jpeg
Hormatly Prezidentimiz EKO-nyň sammitine gatnaşdy
05.03.21 - 13:32

4 fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV sammitiniň işine gatnaşdy.


1603fdd2f45421.jpeg
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly ady dakyldy
04.03.21 - 00:03

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda.


1603fc79715196.jpeg
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy
03.03.21 - 22:33

Türkmenistanda saýlawlaryň öňüsyrasyndaky möhüm tapgyr — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy.


1603f4ee274db0.jpeg
TNGIZT-de kerosiniň önümçiligi artdyrylýar
03.03.21 - 13:54

2021-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 34 müň 857 tonna ýangyç kerosini öndürildi. Munuň özi önümçilik meýilnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilendigine şaýatlyk edýär.