Habarlar
16063769719886.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň prokuroryny wezipesinden boşatdy
31.03.21 - 00:06

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama bilen, “Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Halmurat Parhatowiç Kurbanow Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.


16062b4cf41103.jpeg
TDHÇMB-da polipropileniň bahasy rekord derejesine baryp ýetdi
30.03.21 - 10:20

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda täze rekord hasaba alyndy. 10-njy martda geçirilen söwdalarda rafiýa sortly polipropileniň 1,5 müň tonnasy eksport üçin satuwa çykaryldy. Ol Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürildi.


16062ac6019daa.jpeg
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasaplary açyldy
30.03.21 - 09:45

Şu gün Türkmenistanyň Merkezi bankynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 29-njy martyndaky 2196 belgili “Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakyndaky” Karary esasynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň milli we daşary ýurt pullarynda hasaplary açyldy.


16062a80c1bf29.jpeg
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi
30.03.21 - 09:25

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de olarda watana wepalylyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly belent ynsan häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


160629e3534952.jpeg
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlandygy üçin mähriban halkymyza minnetdarlyk bildirdi
30.03.21 - 08:42

28-nji martda ýurdumyzda täze konstitusion edara bolan Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Halk Maslahatynyň döredilmegi döwletimiziň geljegi üçin ykbal çözüji waka öwrüler.


16060ce9e8d077.jpeg
Türkmen skripkaçysy Jemal Agajanowa halkara bäsleşiginde baýrakly orna mynasyp boldy
28.03.21 - 23:44

Fransiýanyň Nissa şäherinden ajaýyp habar gelip gowuşdy – Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kirişli saz gurallary kafedrasynyň ikinji ýyl talyby Jemal Agajanowa mart aýynyň dowamynda onlaýn görnüşde 30 ýurduň sazandalarynyň gatnaşmagynda geçirilen halkara bäsleşikde «skripka» ugrundan II orna mynasyp boldy, diýip TÜRKMENISTAN ALTYN ASYR saýty habar berýär.


16060c8476c319.jpeg
Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi
28.03.21 - 23:10

Şu gün ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine laýyklykda, şeýle hem Halk Maslahatynyň karary esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


16060c0acd9f5a.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
28.03.21 - 22:46

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.


16060b3af06c1f.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Moskwa şäherine iş sapary bolar
28.03.21 - 21:50

30-njy martyndan 2-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine iş sapary bolar. Hökümetara toparynyň bilelikdäki işiniň çäklerinde amala aşyrylýan saparyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklary we hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar.


16060934791e1e.jpeg
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşyk işleri ýokary depginde dowam etdirilýär
28.03.21 - 19:32

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşyk işleri ýokary depginde dowam etdirilýär hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna gabatlanyp, bu awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýär.


1605f46b40883f.jpeg
Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabyna täze häkim bellenildi
27.03.21 - 19:52

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany S.N.Selimow hakynda.


1605ecbff570b9.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti hökümetara türkmen-saud toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady
27.03.21 - 11:09

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.


1605ec27f12253.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň meýilnamasyny tassyklady
27.03.21 - 10:28

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy.


1605eae2a94d44.jpeg
Türkmenistanyň şypahanalaryna berilýän ýollamanamalaryň bahalary tassyklanyldy
27.03.21 - 09:02

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň şypahanalarynda bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollamanamalaryň bahalary tassyklanyldy.


1605e1ea26eebc.jpeg
Türkmenistanyň DIM-inde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
26.03.21 - 22:50

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon toparynyň ýapon tarapyndan Başlygy, «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.