Habarlar
162b3bc06b46bf.jpeg
Aşgabatda Halkara maslahatyna gatnaşyjylar uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtlerini maslahatlaşarlar
23.06.22 - 06:04

23-nji iýunda türkmen paýtagtyndaky «Ýyldyz» otelinde «Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri» atly Halkara ylmy maslahaty geçiriler. Maslahat «GaffneyCline» britan kompaniýasynyň goldamagynda «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri tarapyndan guralýar.


162b2dd51a7ebb.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň açylmagy bilen gutlady
22.06.22 - 14:13

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň açylmagy bilen gutlady.


162b2aea06a8bf.jpeg
Pakistanyň ýolbaşçylary Türkmenistan bilen bilelikdäki energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýärler
22.06.22 - 10:54

Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti we Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen hatlarynda Günorta we Merkezi Aziýada bilelikdäki energetika taslamalaryny ilerletmäge gyzyklanmalary hakynda beýan etdiler.


162b2a6a93cf85.png
Türkmenistanyň Prezidenti we CNPC-niň ýolbaşçysy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
22.06.22 - 10:20

Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýunyň arasynda duşenbe güni geçirilen duşuşykda gaz ulgamynda özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


162b137f8f32cb.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady
21.06.22 - 08:16

Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady.


162b08e4e3cf7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynda täze gaz ýygnaýjy bekediň açylyşyna gatnaşdy
20.06.22 - 20:12

Geçen şenbe güni Lebap welaýatyna toý sabarynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow täze gaz ýygnaýjy bekediň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


162af1277be5f4.jpeg
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna toý saparyny amala aşyrdy
19.06.22 - 17:11

18-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna toý saparyny amala aşyryp, sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, galla oragynyň depginleri, senagat-önümçilik toplumdaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.


162aead2fca5be.jpeg
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna toý saparyny amala aşyrdy
19.06.22 - 09:59

17-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna toý saparyny amala aşyrdy. Saparyň barşynda döwlet Baştutanymyz sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, senagat düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy.


162ad54781a00c.jpeg
PHYF: Türkmenistan energetika we ulag ulgamlaryny GDA-nyň çäginde goşulyşmagyň ileri tutulýan ugurlary hasaplaýar
18.06.22 - 09:28

Energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk GDA-nyň çäklerinde goşulyşmagyň strategiki ugurlary bolup biler. Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeli Serdarow penşenbe güni Peterburgda geçýän Halkara ykdysady forumynda aýtdy. Muny Orient agentligi habar berýär.


162ab7cb9999fd.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanyna resmi sapar amala aşyrar
16.06.22 - 23:55

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyrjak resmi saparyna taýýarlyk görmek bilen bagly çäreler maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


162ab71cf1b92d.jpeg
Tähranda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekildi
16.06.22 - 23:09

Geçen çarşenbe güni Eýranyň paýtagty Tähranda iki ýurduň Hökümet wekiliýetiniň gatnaşmagynda ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleri geçirildi. Mälim bolşy ýaly, 14-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen bu ýurda bardy. Gepleşikleriň barşynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy, ulag we energetika ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen meseleler gepleşikleriň özenini düzdi.


162ab69ce08146.jpeg
Aşgabat we Tähran özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýär
16.06.22 - 22:35

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bolmagy we iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň düýpli artmagynyň möhümligi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň Bilelikdäki Beýannamasynda bellenildi.


162aaac3533f39.jpeg
Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Seýed Ebrahim Raisiniň arasyndaky gepleşikler
16.06.22 - 09:06

15-nji iýunda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtynda bu ýurda resmi sapar bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goňşy döwletiň ýolbaşçy düzümleri bilen ýokary derejedäki gepleşikleri geçirildi. Olaryň gün tertibine tagallalary birleşdirmegiň täze mümkinçiliklerini açýan döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, sebitara we halkara syýasatyň möhüm meseleleri girizildi.


162a80d6cada32.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada geçirilen türkmen-rus gepleşikleriniň netijelerine ýokary baha berdi
14.06.22 - 09:19

10-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapar amala aşyrdy. Saparyň dowamynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.


162a80b699cd17.jpeg
Türkmenistan we Russiýa energetika hem-de ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňelder
14.06.22 - 09:15

Türkmenistan we Russiýa energetika hem-de ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňelder diýlip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Moskwa resmi saparynyň barşynda gol çekilen Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnamada bellenilýär.