Hajy ÝAZMÄMMEDOW: Zamana — saz, durmuş — owaz

23:12 29.01.2021

https://ussatnews.com/storage/posts/641/original-1601450274e613.jpeg

Çagalykdan owazlar dünýäsine aralaşan zehinli aýdymçynyň ýakymly sesiniň muşdaklary kän. Onuň «Ýetişsem», «Dutarym», «Söýenim» ýaly aýdymlary il içinde uly höwes bilen diňlenilýär. Ol aýdym aýdýan pursady onuň dünýäsinde ýaşaýar.

Ahal welaýatynyň Medeniýet öýüniň aýdymçysy Hajy ÝAZMÄMMEDOW bilen ussatnews.com elektron gazetiniň okyjylary üçin söhbetdeşlik guradyk.

— Hajy, söhbedimizi sungat älemine gelşiňiz baradaky gürrüň bilen başlaýalyň!

— Aýdym-sazyň owazy heniz mekdepde okap ýören döwürlerim meni bendi edipdi. Kakam aýdymçy bolmasa-da, öýde özüçe aýdyma hiňlenerdi. Çagalygymdan aýdym-sazyň hoş owazy bilen ulaldym. Aslynda, aýdym-saz dünýäsine aralaşmak her bir ynsanda bir hili ýol bilen başlanýar. Menem daýym Nurýagdy Tokgaýewiň aýdymlaryny diňläp, bu ýola gadam basdym. Aýdym-saz sungatyna bolan yhlasymy duýan ejem bu ýolda maňa goltgy boldy. Ejemiň özem döredijilik adamy, goşgy düzýär. Dogduk obamda, şeýle-de Tejen etrabynda mekdepde okaýan ýyllarym aýdym-sazly dabaralara gatnaşyp başladym. Soňra Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda bilimimi dowam etdirdim. Maşgalada iki dogan bolup ulaldyk. Maşgalamyz aýdym-saza uly sarpa goýýar. Kiçiligimden halk aýdymlaryny diňlemegi, hiňlenmegi gowy görerdim.

— Mähriban Arkadagymyz sungat, medeniýet işgärlerine hormatly atlary dakyp, Şa serpaýlary bilen derejeleýär. Söhbedimizi şular barada dowam edäýeliň!

— Gahryman Arkadagymyzyň çekýän zähmetime uly baha berip meni medallar bilen sylaglamagy meni köp işlere borçly edip, täze-täze aýdymlary döretmeklige ruhlandyrýar. Nesip bolsa, geljekde türkmen aýdym-saz sungatynyň ösmegine goşandymy goşmak üçin jan aýaman zähmet çekerin.

— Siz üstünligiň syry nämede diýip hasaplaýarsyňyz?

— Meniň pikirimçe yhlas, höwes bilen başlanan iş uly üstünlige ýetirýär. Üstünlik gazanmak üçin maksada okgunlylyk hem tutanýerlilik zerur. Ynam edilmegi hem üstünlige ýetmäge mümkinçilik berýär.

— Adamlarda haýsy häsiýeti halaýarsyňyz?

— Birsözli adamlara hormatym uly. Dogruçyl, kyn günüňde goldap, bir bolşuny saklap bilýän adamlar her kimiň elýetmez dostudyr.

— Okyjylarymyzy maşgala durmuşyňyz hem gyzyklandyrýan bolsa gerek?!

— Maşgalamyzyň göz-guwanjy dört gyzymyz bar. Gelnim aýdymlarymyň ilkinji diňleýjisi. Körpe gyzym Aýnur 4-nji synpda okaýanlygyna garamazdan, aýdym-saza bolan höwesi uly.

— Daşary döwletlerde-de çykyş edensiňiz, elbetde...

— Hawa. Dünýä döwletleriniň birnäçesiniň Medeniýet günlerine gatnaşyp, aýdymlarym bilen ajaýyp Diýarymyzy wasp etdik. Munuň üçin milli sungatymyzyň hak howandary hormatly Prezidentimize alkyşymyz çäksizdir.

— Aýdym-saz äleminde halypalaryň hyzmaty uludyr...

— Kiçiligimden halypalaryň aýdymlaryny diňlemegi halardym. Sahy Jepbar, Mylly Täçmyrat, Gurt Ýakup, Annaberdi Atdanow, Maýa Kulyýewa ýaly halypalary diňläniňde göwnüň giňeýär. Aýdymçy üçin zehin, höwes, yhlasam gerekdir welin, ugur-ýol görkezýän halypaň-da hyzmaty uly. Aýdym-sazyň dünýäsine imrindiren ejem jana, onuň syrlaryny inçelik bilen öwreden ilkinji mugallymlaryma, halypalaryma mydama alkyş aýdýaryn.

— Geljekde öňde goýan maksatlaryň barada aýdaýsaňyz!

— Geljekde-de hoş owazly aýdymlary döredip, halkymyza ýetireris. Türkmen halkynyň milli medeniýetine, sungatyna çäksiz sarpa goýup, onuň kämilleşmegi ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň belent başy aman, alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

— Hajy, biz hem okyjylarymyzyň adyndan aýdym-saz äleminde uly üstünlikler arzuw edýäris!

Söhbetdeş bolan Ýazgül ANNAÝEWA,

                                              USSAT NEWS.

Başga makalalar
16621837325e1e.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ýurduň ähli pudaklarynyň ösüşine itergi bermelidir»

Nebitgaz senagaty üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup, geljekde Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi şol wezipäniň çözgüdine baglydyr.


166178aee0ef99.jpeg
Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.


165f9d3ed4c5c0.jpeg
Eserleri — ruhy hazyna

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biridir. Akyldaryň döwredijiligi halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär.

165f44c5a3a8f1.jpeg
Gaz akdyryjylaryň rowaçly gadamlary

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary «Döwletabat — Derýalyk» ugry boýunça türkmen gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagy ugrunda hem-de ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün edilmegi babatda nusgalyk işleri alyp barýarlar.


165dc6a2670a92.jpeg
Türkmenistanda habar beriş serişdeleriniň sanlylaşdyrylmagy täze mümkinçilikleri açýar

Ählumumy sanlylaşdyrma we internet asyry täze habar beriş serişdeleriniň döremegi üçin mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, sanly ulgamdan peýdalanýan okyjylaryň täze neslini kemala getirdi. Olar üçin maglumatlaryň esasy çeşmesi bolup metbugat sahypasy däl-de, kompýuteriň, planşetiň ýa-da smartfonyň multimedia ekrany hyzmat edýär.