Döwletgeldi DURDYÝEW - Ilkinji höwesden ussatlyga uzan ýol

22:56 05.02.2021

https://ussatnews.com/storage/posts/675/original-1601d89de521bf.jpeg

USSAT NEWS elektron gazetimiziň bu sanynyň myhmany «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň halk saz gurallary ansamblynyň bagşysy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Döwletgeldi DURDYÝEW 1976-njy ýylda  Bäherden etrabynyň Arçman obasynda doguldy. Bu söhbetdeşlikde çagaka maşgalasy Daşoguz şäherine göçen Döwletgeldiniň höwesjeňlikden ussatlyga çenli menzilleri nädip aşandygyna göz ýetirersiňiz. Onuň ýene bir aýratynlygy «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň taryhy bilen baglylygydyr. Geliň, onda Döwletgeldi Durdyýewiň döredijilik dünýäsine we merkeziň taryhyna bilelikde syýahat edeliň.

— Döwletgeldi, başdan başlalyň. Sungat ýoluna nähili geldiňiz?

— Her bir sungat işgärinde bolşy ýaly, bu ýola meni hem çagalyk arzuwlarym getirdi. Orta mekdebiň 4-nji synpynda okaýarkam, Daşoguz şäherindäki çagalar sungat mekdebinde sungatda ilkinji ädimlerimi ätdim. Öre Annaýew atly hemişe uly hormat bilen ýatlaýan mugallymym bolsa, maňa ilkinji halypalyk goluny uzatdy. 8-nji synpy tamamlap, welaýatdaky Magtymguly Garlyýew adyndaky sungat mekdebine okuwa girdim. Şol ýerde-de sungata siňen ykbalymda täze sahypa ýazyldy.

— «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijisi bolduňyz, şeýlemi?

— Hawa, 1993-nji ýylda bu bäsleşigiň ýeňijisi bolmak bagty miýesser etdi. Şol mahal bäsleşik estrada aýdymçylarynyň we dutarçy bagşylaryň arasynda aýratynlykda geçirilýärdi. Bäsleşigiň döwlet derejesindäki tapgyryna her welaýatdan üç bagşy gatnaşmaga hukuk alardy. Şolaryň biri bolmak, soňunda-da Garaşsyz ýurdumyzyň sungatynda uly yz goýan bu bäsleşigiň ýeňijisi bolmak nesip etdi.

1995-nji ýylda Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby boldum. Bu ýerde-de Akmyrat Çaryýew, Ýolaman Nurymow ýaly halypalardan sapak aldym. Zähmet ýoluma bolsa, 2000-nji ýylda başladym.

— Ilkinji iş ýeriňiz Türkmen telewideniýesiniň halk saz gurallary topary eken...

— Hawa, zähmet ýoluma ýurda belli, sungatda uly yz goýan halypalaryň arasynda başlamak meniň üçin täze bir okuw mekdebi boldy diýsem ýalňyşmaryn. Mylly Täçmyradowyň adyny göterýän bu toparda işleýärkäm, halypa Mäne Garaýewiň beren maslahatlary aňymda ak pata ýaly hemişe aýlanyp dur. Soň nesibäm Ýetginjekler köşgünde halk saz gurallary gurnagyna ýolbaşçylyk etmäge çekdi. Hut şol ýerdenem häzirki iş ýerime geldim.

— Diýmek, gürrüňimiz kem-kemden nebitgaz toplumynyň garamagynda ilkinji aýdym-saz toparynyň döremegine syrygýar.

— Şeýle diýseňem boljak. Çagalar toparymyz bilen 2002-nji ýylda Döwlet arhiwiniň durky täzelenen binasynyň açylyş dabarasynda çykyş etdik. Hut şol dabaradan soňra, nebitgaz toplumy biziň bilen ýakyndan gyzyklanyp başlady. Tiz wagtdan hem nebitgaz toplumynyň «Ruhubelent» çagalar halk saz gurallary toparynyň edara binasy peýda boldy. Üç-dört aý çemesi soňra bolsa ýene-de şu at bilen çagalar tans topary döredildi.

Çagalar halk saz gurallary topary bilen 2013-nji ýyla çenli işleşdik. Ol ýerde tälim alan çagalaryň köpüsi indi ýurdumyza belli sungat ussatlary bolup ýetişdiler.

— Toplumyň garamagyndaky ilkinji çagalar halk saz gurallary topary Medeni-işewürlik merkeziniň düýbüni tutupdyrda onda?!

— Şeýle bolýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde wagtyň geçmegi bilen toplumyň garamagyndaky täze döwrebap merkeziň binasynda döredijilik toparlarynyň sany barha artdy. Indi bu ýer ýurda belli sungat ussatlarynyň ýygnanan döredijilik we sungat ojagyna öwrüldi. Menem soňra bu ýere gelen halypalar bilen halk saz gurallary toparyna goşuldym. Şondan bärem toparyň bagşysy.

— «Daşoguzly bagşy» diýlende, ilki bilen, dessançylyk ýoly ýadyňa düşýär. Halkymyz sizi hem şol ýoluň görnükli wekilleriniň biri hökmünde ykrar etdi.

— Dessançy bagşynyň wezipesi diňe bir ozaldan gelýän dessanlary aýdyp gezmek däl-de, baý hazyna nähilidir bir goşant goşmak hem bolup durýar. Menem ep-esli wagt gözlegde gezdim. Ahyry bir gün radioda Türkmenistanyň halk artisti Juma Ýazmyradowyň ýolbaşçylygyndaky toparyň okamagynda «Garajaoglan» dessanynyň radiooýun görnüşini diňledim. Dessine-de şu dessany işläp, dessançylyk ýolunda dikeltmek pikiri bilen işe girişdim. Netijede, bu ýoluň hazynasyna ýene bir dessan goşuldy.

— Başga nähili dessanlary bilýärsiňiz?

— «Görogly» şadessanynyň «Göroglynyň öýlenişi», «Öwez getiren», «Harmandäli», «Kempir» şahalaryny we «Ýusup-Ahmet» dessanyny aýdýaryn.

— Özbaşdak döreden aýdymlaryňyz barmy?

— Dürli ýyllarda şahyr zenan Göwher Ahmedowanyň sözlerine «Arkadag», «Türkmenim» ýaly aýdymlary döretdim. Çagalar topary bilen işleýärkäm hem «Garaşsyz hem Bitarap», «Ýaşyl baýdagym» ýaly aýdymlary döredipdim.

— Dutardyr gyjak hem ýasaýan ekeniňiz.

— Bu-da meniň çagalyk arzuwlarymyň miwesi. Çagalar sungat mekdebine okuwa girip, dutardyr gyjak ýasamagy ymykly öwrenmäge girişdim. Her ýyl tomusda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda ýaşaýan halypamyň ýanyna gatnap, bu senediň inçeliklerini öwrenmäge çalşardym. Münewwer diýerdiler halypamyň adyna. Aşgabada gelemsoň, dutar-gyjak ýasamagy Durdy Muhammedowdan hem öwrenmegi dowam etdim. Arasynda Mara gidip, belli artist Şükür Kulyýewiň ogly Kakaly Şükürow bilen maslahatlaşyp durdum. Ýyllaryň dowamynda ussaçylygy bagşyçylyk bilen deň kämilleşdirip, dutar ussasy bolduk diýsegem bolýar (ýylgyrýar).

— Üç ogluňyz bar eken. Olar yzyňyzy ýöredýärmi?

— Hawa, ikisi bagşy, biri bolsa dutar ussasy. Bagşyçylyk bilen meşgullanýan ogullarym «Ruhubelent» çagalar toparynyň hem agzalarydy. Goý, Gahryman Arkadagly diýarymyzda hemişe toýlar toýlanyp, olarda-da aýdym-saz belentden ýaňlanyp dursun.

— Döwletgeldi, sag boluň! Size-de mundan beýläk hem döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris.

Agageldi ITALMAZOW,

                         žurnalist.

Başga makalalar
16621837325e1e.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ýurduň ähli pudaklarynyň ösüşine itergi bermelidir»

Nebitgaz senagaty üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup, geljekde Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi şol wezipäniň çözgüdine baglydyr.


166178aee0ef99.jpeg
Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.


165f9d3ed4c5c0.jpeg
Eserleri — ruhy hazyna

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biridir. Akyldaryň döwredijiligi halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär.

165f44c5a3a8f1.jpeg
Gaz akdyryjylaryň rowaçly gadamlary

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary «Döwletabat — Derýalyk» ugry boýunça türkmen gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagy ugrunda hem-de ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün edilmegi babatda nusgalyk işleri alyp barýarlar.


165dc6a2670a92.jpeg
Türkmenistanda habar beriş serişdeleriniň sanlylaşdyrylmagy täze mümkinçilikleri açýar

Ählumumy sanlylaşdyrma we internet asyry täze habar beriş serişdeleriniň döremegi üçin mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, sanly ulgamdan peýdalanýan okyjylaryň täze neslini kemala getirdi. Olar üçin maglumatlaryň esasy çeşmesi bolup metbugat sahypasy däl-de, kompýuteriň, planşetiň ýa-da smartfonyň multimedia ekrany hyzmat edýär.