Geçen hepdäniň birža täzelikleri
12.09.22 - 15:10Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy.
Kerki etrabyň ilatly ýerleri we senagat kärhanalary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilýär
11.09.22 - 09:47Hormatly Prezidentimiz halkyň bähbidini hemme zatdan ileri tutýar, ilatyň abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen çäreleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Şonuň netijesinde düýpli özgerişler bolup geçýär. Muňa Kerki etrabynyň mysalynda hem doly göz ýetirmek bolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda diňe ilatly ýerleri gazlaşdyrmak bilen baglanyşykly ýerine ýetirilen işler-de haýran galdyryjydyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
10.09.22 - 04:17Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany.
Türkmenistanyň Prezidentiniň prokurorlary wezipä bellemek we wezipesinden boşatmak hakynda degişli gol çeken resminamasy
10.09.22 - 04:00“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Kanunyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:
“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
09.09.22 - 12:32Ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
Ýurdumyzda pagta ýygymy möwsümi başlandy
09.09.22 - 10:30Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 7-nji sentýabrda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň we hormatly ýaşulular tarapyndan ak pata bermegi bilen, pagta ýygymy möwsümi başlandy. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna 14-nji sentýabrda girişiler.
ÝB-niň Geňeşi energiýa geçirijileriň bahalaryny we ÝB-niň energiýa üpjünçiliginiň howpsuzlygyny maslahatlaşdy
09.09.22 - 10:10Anna güni Brýusselde energetika boýunça Ýewropa Bileleşiginiň nobatdan daşary Geňeşi geçiriler. Onuň barşynda energiýa geçirijileriň bazarynda ýokary bahalar we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň energiýa üpjünçiliginiň howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar diýip, Brýusselde neşir edilen beýanda aýdylýar.
Mary şäheriniň gaz üpjünçiliginde bökdençlik bolmaz
08.09.22 - 11:49Gyş pasly ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryna döwletimiz tarapyndan berilýän eşretleriň biri bolan tebigy gazyň ýylyň beýleki pasyllaryna garanyňda köp sarp edilýän döwri hasaplanylýar. Şoňa görä, «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň şäher, etrap gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary jogapkärli möwsümde gaz üpjünçiliginde bökdençligiň bolmazlygy üçin häzirki günlerden öz işlerini takyk hem-de sazlaşykly guraýarlar.
HHR-iň Hökümetiniň ýörite wekili bilen energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
08.09.22 - 10:41Ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueý bilen geçirilen duşuşykda energetika, ulag, logistika we beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek mümkinçilikleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýerli işewürligi hyzmatdaşlyga çagyrýar
08.09.22 - 10:29Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen BAE-niň Abu-Dabi ösüş gaznasy bilen bilelikde dünýä tejribesine laýyklykda döredilen «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistandan işewürleri hyzmatdaşlyga çagyrýar.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
07.09.22 - 10:03Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
07.09.22 - 09:51Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz
06.09.22 - 10:39Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.
Abu-Dabide ADIPEC-2022 nebitgaz forumy geçiriler
06.09.22 - 10:33ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen tarapynyň wekillerini Halkara nebitgaz sergisine we forumyna gatnaşmaga çagyrýar (ADIPEC-2022). Forum BAE-de Abu-Dabide 2022-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7 orna çykdy
05.09.22 - 14:34Türkmenistan benziniň bahasy iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7-nji orny eýeleýär. Muňa 29-njy awgustda GlobalPetrolPrices internet-neşiri tarapyndan neşir edilen dünýäde motor ýangyjynyň bahalary hakyndaky maglumatlar şaýatlyk edýär.