Habarlar
162f616261020f.jpeg
Dünýä boýunça nebit ibermeleri iýul aýynda pandemiýadan soňky iň ýokary çägine ýetdi - HEA
12.08.22 - 13:58

OPEC+ ýurtlary tarapyndan nebit çykarylyşynyň artmagy, şeýle hem birnäçe sebitlerde tehniki hyzmat senagatynyň düýpli dikeldilmegi netijesinde dünýä boýunçe nebit ibermeleri iýul aýynda pandemiýadan soňky iň ýokary çägine ýetdi diýip, Interfaks Halkara energetika agentliginiň her aýlyk hasabatyna salgylanyp habar berýär.


162f45dc0a3d54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Garşy” deňiz birikmesi hem-de “Deňiz han” atly harby gämi bilen tanyşdy
11.08.22 - 06:39

10-nji awgustda, Ir bilen Balkan welaýatynda zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow günbatar sebitimizde ýerleşýän Harby-Deňiz Güýçleriniň “Garşy” deňiz birikmesine geldi hem-de bu ýerde “Deňiz han” atly korwet kysymly harby gämi bilen tanyşdy.


162f3c2d1ed12c.jpeg
Aşgabatda Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» XXVII Halkara maslahaty geçiriler
10.08.22 - 19:38

Aşgabatda 26-28-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» XXVII Halkara maslahaty we sergi geçiriler.


162f348fb766dc.jpeg
«Tiz hyzmat» Türkmenistanyň bazaryny ýokary hilli kömelekler bilen üpjün edýär
10.08.22 - 10:58

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Tiz hyzmat» hususy kärhanasy il arasynda gelin kömelekleri diýip tanalýan şampinýonlary ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär. Kärhanada geçen ýylyň noýabr aýynda ilkinji hasyl ýygnalypdyr.


162f10373ca6a0.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
08.08.22 - 17:37

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.


162f2434194539.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Garabogaz kölüň üstünden geçjek täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.08.22 - 15:41

Şu gün, 8-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogaz kölüň üstünden geçjek täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Ol Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrmak babatda hem, täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek babatynda hem ähmiýetli waka boldy.


162f00bbb1a495.jpeg
Aşgabatda halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady
07.08.22 - 20:00

6-nji awgustda paýtagtymyzda “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy--2022” atly halkara sergisi we “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly ylmy maslahaty öz işine başlady. Bu ähmiýetli çäreler ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şeýle hem Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy.


162efbf510928d.jpeg
Esenguly etrabynda 1 million dollarlyk “Arkadagyň nesilleri” atly döwrebap çagalar dynç alyş merkezi açyldy
07.08.22 - 18:34

5-nji awgustda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda “Arkadagyň nesilleri” atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy.


162ed59438bf05.jpeg
Aşgabatda, welaýat merkezlerinde we obalarda 3-nji awgustda mekdep bazarlary açyldy
05.08.22 - 22:54

Paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde we obalarda 3-nji awgustda mekdep bazarlary açyldy, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär. Olary Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi gurady.


162ed540f71473.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy» atly Halkara forum geçiriler
05.08.22 - 22:31

6-7-nji awgustda Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy – 2022» atly Halkara sergisi we maslahaty geçiriler. Forum gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanýar.


162ec991c60ebf.jpeg
Serdar Berdimuhamedow ogly Kerimguly bilen Awazada welosipedli ýörişi hem-de sport maşklaryny ýerine ýetirdi
05.08.22 - 09:11

4-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ogly Kerimguly bilen ir säherde Hazaryň kenaryna çykyp, birsellem gezelenç edip, welosipedli ýörişi amala aşyrdy, şeýle-de sport maşklaryny ýerine ýetirdi.


162ec892d2bf3c.jpeg
BAE-niň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy täze 1444-nji hijri-kamary ýylynyň ýetip gelmegi mynasybetli gutlady
05.08.22 - 08:06

BAE-niň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy täze 1444-nji hijri-kamary ýylynyň ýetip gelmegi mynasybetli gutlady.


162ec101fd4f22.jpeg
Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda halkara ýaryşlaryň ýeňijilerini hormatlamak dabarasy geçirildi
04.08.22 - 23:29

3-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň sport toplumynyň sportuň oýun görnüşleri binasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça iri halkara ýaryşlarda — Russiýa Federasiýasynda geçirilen “Ýüpek ýoly — 2022” ralli-reýdinde hem-de geçen aýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy boldy.


162ec0bdcbbc81.jpeg
OPEC+ ýurtlary sentýabrda nebit çykarmagyň çägini günde 100 müň barrele çenli artdyrmagy karar berdiler
04.08.22 - 23:11

OPEC+ ministrleri sentýabrda nebit çykarmagyň çägini günde 100 müň barrele çenli artdyrmagy karar berdiler diýip, çarşenbe güni Interfaks wekiliýetleriň birindäki çeşmesine salgylanyp habar berdi.


162eacaf4da071.jpeg
Awazada ulag ulgamyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegine we ösdürilmegine gönükdirilen halkara maslahat geçiriler
04.08.22 - 00:22

15-16-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.