Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç alyşda bolar
15.07.22 - 16:22Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç alşa çykar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlap geçen anna güni geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde karar kabul etdi.
«PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy çagyrýar
15.07.22 - 15:15«PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy çagyrýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana döwlet sapary başlandy
14.07.22 - 17:23Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna iki günlük döwlet sapary başlandy.
Aşgabatda 2025-nji ýylda sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler
14.07.22 - 16:45Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Halkara sambo federasiýasy bilen bilelikde 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge ygtyýar berdi.
“Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
14.07.22 - 15:59Çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan türkmen, iňlis, rus dillerinde çapa taýýarlanylan bu neşir jemgyýetçilik durmuşynyň we halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini şöhlelendirýär.
«Tatneft» Türkmenistanda önümçilik infrastrukturasyny giňeltmäge taýýarlanýar
14.07.22 - 13:37«Tatneft» rus kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy ýurdumyzda bar bolan önümçilik infrastrukturasyny giňeltmegi meýilleşdirýär. Muňa türkmen habar beriş serişdelerinde neşir edilen degişli tender habar berýär.
Türkiýe türkmen gazyny Anatoliýa TANAP boýunça getirmegi meýilleşdirýär
14.07.22 - 13:20Türkmen tebigy gazyny Anatoliýa Anatoliýüsti gaz geçirijisi (TANAP) boýunça ibermek bolar diýip, Türkiýäniň wise-prezidenti Fuat Oktaý belledi.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
13.07.22 - 14:02Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.
Ýarym ýylyň jemlerine garaldy
12.07.22 - 20:09Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Hökümet mejlisinde Türkmenistanda nebitgaz toplumynyň 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda işiniň netijelerine garaldy
12.07.22 - 13:58Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde gulluk iş saparynda bolar
11.07.22 - 20:15Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken resminamalary
10.07.22 - 13:59Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken resminamalary.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň pajygaly ýagdaýda aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi
10.07.22 - 08:52Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito we Premýer-ministr Fumio Kisida Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň pajygaly ýagdaýda, biwagt aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi.
Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri ýokarlandyrylar
10.07.22 - 01:06Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda.
Energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek — Azerbaýjanyň wekiliýeti bilen duşuşygyň üns merkezinde
09.07.22 - 17:09Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň baştutanlygyndaky wekilýet bilen duşuşygynda energetika ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.