Habarlar
164481f06cd48a.jpeg
Türkmenistan Azerbaýjana nebit eksportyny 4,4 esse artdyrdy
25.04.23 - 23:42

Türkmenistan 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Azerbaýjana çig nebitiň 119,2 müň tonnasyny eksport etdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 4,4 esse köpdür – diýip, Trend habar berýär.


164481a37c9494.jpeg
Dubaýda OGT-2023 Maýa goýum forumyna taýýarlyk işleri tamamlanyp barýar
25.04.23 - 23:21

Şu gün, Birleşen Arap Emirlikleriniň iri şäheri Dubaýda Hyatt Regency Creek Heights myhmanhanasynda Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça 26-njy aprelde geçiriljek Halkara forumynyň wekillerini hasaba almak çäresi geçirilýär.


16446efb501da9.png
Dubaýda OGT-2023 Halkara maýa goýum forumyna 300-den gowrak wekil gatnaşar
25.04.23 - 02:08

Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumynyň açylmagyna sanlyja gün galdy. Forum 26-njy aprelde Dubaýda öz işine başlar. Forumyň guramaçylary bolup «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy Türkmen Forum HJ we GaffneyCline britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.


1643fb6ee3e1ea.jpeg
ABŞ-nyň Energetika ministrligi Türkmenistanda nebitiň çykarylyşynyň durnukly ösüşini çaklady
19.04.23 - 14:39

Ýakyn iki ýylda Türkmenistanda nebitiň çykarylyşynyň durnukly ösmegine garaşylýar. Bu barada ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň 2023-2024-nji ýyllarda Türkmenistanda nebitiň çykarylyşy boýunça neşir edilen çaklamasynda aýdylýar. Muny Trend agentligi Energetika maglumatlar müdirligine salgylanyp habar berýär.


1643ef84bcd8a4.jpeg
Birinji çärýegiň jemleri boýunça Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejede saklanýar
19.04.23 - 01:06

2023-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% boldy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde belledi.


1643eee9f5e792.jpeg
Nebitgaz toplumynda ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine garaldy
18.04.23 - 10:24

Düýn gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» geçen üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


16438077fc3817.jpeg
Birža söwdalarynda 40 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz eksporta iberildi
13.04.23 - 18:45

Sişenbe güni, 11-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy 16,5 mln amerikan dollaryna deň bolan 18 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT habar berýär.


1643806f058d5b.jpeg
CNPC Türkmenistanyň Dubaýda Halkara forumynyň platina hyzmatdaşy bolup çykyş eder
13.04.23 - 18:43

Hytaýyň milli nebit kompaniýasy (CNPC) Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça 2-27-nji aprelde Dubaýda geçjek Halkara forumynyň platina hyzmatdaşy hökmünde çykyş eder. CNPC nebit pudagyna maýa goýum goýmak bilen, öz işini dünýäniň 38 ýurdunda amala aşyrýar, kompaniýa tarapyndan öndürilen nebit materiallary we enjamlary dünýäniň 82 ýurdunyň bazarlarynda ýerlenilýär. Kompaniýanyň bu foruma gatnaşmagy möhüm waka bolup durýar, sebäbi ol Türkmenistanyň nebit-gaz taslamalaryna iri maýa goýumçylaryň biri bolup çykyş edýär.


1643709c1c9a9a.jpeg
Dubaýda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara maslahat geçiriler
13.04.23 - 00:42

Şu ýylyň 26 — 27-nji aprelinde Dubaý şäheriniň (Birleşen Arap Emirlikleri) «Hyatt Regency» myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy geçiriler.


164366a99513e3.jpeg
Hyundai Engineering — Türkmenistanyň Dubaýdaky Halkara maýa goýum forumynyň bürünç hyzmatdaşy
12.04.23 - 13:23

Hyundai Engineering 2023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde Dubaýdaky Hyatt Regency myhmanhanasynda geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumynyň bürünç hyzmatdaşydyr - diýip, forumyň guramaçylary habar berýär.


16436699c7d314.jpeg
AÖB 2023-nji ýylda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşini 6,5% diýip çaklaýar
12.04.23 - 13:19

Aziýa ösüş banky (AÖB) 2023-nji ýylda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,5 % derejesinde çaklaýar. Bu Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň ýokary görkeziji bolup durýar. Bu barada AÖB-niň aprel aýy üçin hasabatynda aýdylýar. Hasabat bankyň saýtynda çap edildi.


16435694991aea.png
Dubaýdaky Halkara forumynyň hyzmatdaşlarynyň sany täze gatnaşyjylar bilen artdy
11.04.23 - 19:06

Türkmenistanyň energetika toplumyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumyň açylmagyna ýarym aý galdy. Forum 2023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde BAE-niň Dubaý şäherinde Hyatt Regency myhmanhanasynda geçiriler.


1643403265d888.jpeg
Täze «gara altynly» guýular
10.04.23 - 17:37

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» geçen üç aýynda gazuw işleri tamamlanan guýularyň altysyny nebitgaz çykaryjylara ulanmaga berdiler.


16433cd3e43c77.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
10.04.23 - 13:47

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.


1642d6dc403379.jpeg
BP Azerbaýjanda uzakdan dolandyryşdaky ilkinji deňiz platformasyny gurar
05.04.23 - 17:46

BP kompaniýasynyň uzakdan dolandyrylmaga ukyply dünýäde ilkinji deňiz platformasy Azerbaýjanda gurulýar diýip, BP-niň Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe boýunça sebit prezidenti Geri Jons aýtdy. Muny Praým agentligi ýetirýär.