Habarlar
16177bada04b40.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
26.10.21 - 13:22

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.


16177b751aa281.jpeg
Balkan welaýatynda Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň täze binasy dabaraly açyldy
26.10.21 - 13:07

23-nji oktýabrda Balkan welaýatynyň merkezinde Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň täze binasynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabara boldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary S.Berdimuhamedow, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, welaýatyň, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň, degişli düzümleriň, kärhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular, gurluşykçylar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.


1617772e40e1bb.jpeg
«Daşoguzgazçykaryş» müdirligi sarp edijilere gazyň bökdençsiz iberilmegini üpjün edýär
26.10.21 - 08:15

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazçykaryş» müdirliginiň gazçylary şu ýylyň dokuz aýyny üstünlikli jemlediler. Müdirligiň hünärmenleri içerki sarp edijilere bolşy ýaly, daşarky bazarlara hem gazyň bökdençsiz iberilmegini üpjün edýärler.


1617273889f256.jpeg
Köpetdagyň eteginde döwrebap şäher dörär
22.10.21 - 13:17

21-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.


16171ace1064b5.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
21.10.21 - 23:09

19-njy oktýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.


161712db79201a.jpeg
«Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVI Halkara maslahatyna taýýarlyk işleri ýokary depginde dowam edýär
21.10.21 - 14:07

Aşgabatda 27-28-nji oktýabrda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVI Halkara maslahatyna taýýarlyk işleri şu günlerde ýokary depginde dowam edýär.


1616ce6feeabab.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
18.10.21 - 08:16

За манатные средства представители деловых кругов из Объединённых Арабских Эмиратов приобрели хлопчатобумажную пряжу на сумму 1 миллион 800 тысяч манатов.


1616ba406a095f.jpeg
OPEC-iň Baş sekretary 27-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynda çykyş eder
17.10.21 - 09:16

Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasynyň (OPEC) Baş sekretary Mohammed Sanusi Barkindo 27-28-nji oktýabrda Aşgabatda garyşyk görnüşde geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVI Halkara maslahatynda onlaýn görnüşde çykyş eder.


1616af2c1ea38e.jpeg
«Kenardaky» döwrebap işler
16.10.21 - 20:41

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy dünýäniň iň kuwwatly desgalarydyr kämil tilsimatlaryna eýe bolmak bilen, ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän nebit we nebithimiýa önümlerini taýýarlamakda we ýerleşdirmekde uly sepgitlere eýe bolýar.


16164578e862d0.jpeg
Dokuz aýyň jemlerine garaldy
11.10.21 - 19:51

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


161644386e81a7.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
11.10.21 - 19:00

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.


16162fe7e721ce.jpeg
Hormatly Prezidentimiz “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününe gatnaşdy
10.10.21 - 19:53

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine bardy we “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününe gatnaşdy.


16162b2b602bf0.jpeg
Şu ýylyň dokuz aýyndaky içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy
10.10.21 - 14:30

Halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň durnukly ösüşini şu ýylyň dokuz aýyndaky makroykdysady görkezijiler tassyklaýar. Garalýan döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy,- diýip Wise-premýer S.Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hasabat berdi.


1615ffb3500acb.jpeg
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi
08.10.21 - 13:03

7-nji oktýabrda türkmen paýtagtynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


1615c5c2ac1ea9.jpeg
Daşkent şäherinde türkmen-özbek ykdysady forumy geçirildi
05.10.21 - 19:07

4-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynyň paýtagtyndaky ägirt uly häzirki zaman toplumynda — “Ýaşnabad” innowasion tehnoparkynda guralan türkmen-özbek ykdysady forumy ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşiklere işewürlik taýdan özboluşly badalga berdi, bu toplumda innowasion häsiýetli taslamalar amala aşyrylýar, dürli ugurlarda ylmy işläp taýýarlamalar we barlaglar geçirilýär.