Habarlar
16299d757c652c.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Bütindünýä welosiped güni bilen gutlady
03.06.22 - 14:41

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Bütindünýä welosiped güni bilen gutlady.


16299cd4351aa1.jpeg
Merkezi Aziýa we ÝB ýurtlarynyň wekilleri Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmeginiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
03.06.22 - 13:58

Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleriniň Owganystan boýunça nobatdaky duşuşygy 31-nji maýda Almaty şäherinde geçirildi. Onuň dowamynda owgan meselesiniň parahatçylykly ýol bilen çözülmegi, sebitiň integrasion ösüşine Owganystanyň işjeň gatnaşdyrylmagy, ýurduň ykdysady taýdan dikeldilmegi we onuň çäklerinde dürli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça halkara we sebit tagallalary ara alnyp maslahatlaşyldy.


162997b43ee441.jpeg
Arkadagly hajy Serdarymyz ýaşulular hem-de kümüş saçly eneler bilen bilelikde haj parzyny berjaý etdi
03.06.22 - 08:08

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mukaddes Mekge şäherine umra hajyna barýan ähli zyýaratçylaryň berjaý etmeli dessurlaryny ýerine ýetirip 2-nji iýunda Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň çäklerinde Medine şäherine bardy.


16298d54de2034.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow ähli welaýatlardan we Aşgabat şäherinden hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler bilen umra hajyny berjaý etdi
02.06.22 - 20:20

1-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etdi. Arkadagly Serdarymyz bilen bir uçarda, keramatly topraga zyýarat etmek üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we Aşgabat şäherine wekilçilik edýän hormatly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň hem gidendigini bellemeli.


16297578385bb1.jpeg
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgüne baryp gördi
01.06.22 - 17:11

Däp bolşy ýaly, 1-nji iýunda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Çagalary goramagyň halkara gününi belleýär. Bu ajaýyp senäniň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwletliler köşgüne bardy we şol ýerde baýramçylyk çäresine gatnaşdy.


16296dac7c8a72.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň çagalaryny hem-de halkyny Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady
01.06.22 - 08:19

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň çagalaryny hem-de halkyny Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady.


16296d6dadd571.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
01.06.22 - 08:02

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Žair Bolsonaruwa ýurduň Pernambuku ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşmalarynyň, süýşgünleriň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.


16295753c40cf3.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä belledi we wezipeden boşatdy hem-de olara hünär derejelerini berdi
31.05.22 - 06:54

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä belledi we wezipeden boşatdy hem-de olara hünär derejelerini berdi.


162956fdd795a4.jpeg
Tähranda Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitine taýýarlyk meseleleri maslahatlaşdy
31.05.22 - 06:31

Geçen hepdede Tähranda geçirilen Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejedäki iş toparynyň dördünji mejlisinde Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän altyjy Hazar sammitine taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada şenbe güni Gazagystanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.


162956f3426bfc.jpeg
Maryda geçirilen halkara maslahatynda TOPH taslamasynyň wekilleri onuň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar
31.05.22 - 06:28

Geçen anna güni Maryda Maryda TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň meselelerine we taslamanyň sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine edýän täsirine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi – diýip, ORIENT çäräni gurnaýjylara salgylanyp habar berýär.


16294374c4392a.jpeg
Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
30.05.22 - 08:17

28-nji maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde bolmagynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de bu iri taslamanyň amala aşyrylyşynyň depginlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan ilkinji iş maslahatyny geçirdi.


1629310535a2f5.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permany
29.05.22 - 11:18

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permany.


1629306d2899dd.jpeg
Ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakyldy
29.05.22 - 10:38

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary Ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda.


1629300cf7f869.jpeg
Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygyna berk käýinç yglan edildi
29.05.22 - 10:12

Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygyna berk käýinç yglan edildi.


16292427ec8345.jpeg
Daşoguz welaýatyny toplumlaýyn ösdürmegiň çäklerinde nebitgaz toplumyna maýa goýumlar göz öňünde tutuldy
28.05.22 - 20:40

Penşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna toý saparynyň barşynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde ýurdumyzyň demirgazyk sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.