
“Aşgabat” Söwda we dynç alyş merkezinde körpe nesilleriň wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ähli şertler döredildi
08.10.21 - 21:51Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gurulan “Aşgabat” Söwda we dynç alyş merkezinde körpe nesilleriň wagtlaryny gyzykly hem-de şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredildi.

Ahalteke bedewleri - «ganatly bedewler»
03.10.21 - 17:07Ahalteke bedewleriniň taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýär. Gyz gylykly türkmen atlarynyň aýratynlyklary barada taryh sahypalarynda köp sanly maglumatlara gabat gelmek bolýar.

HÜNÄR ÖWRENMEGIŇ ZERURLYGY
02.10.21 - 21:37Islenik ynsanyň elinde hünäri bolsa, ol hiç haçan durmuşyň synaglarynyň öňünde ejizlemeýär. Onuň hünäri duş gelen kynçylyklary ýeňip geçmäne uly kömek edýär. Bu barada halk arasynda şeýle rowaýat bar.

MUNY BILMEK GYZYKLY WE PEÝDALY
02.10.21 - 21:11• Italiýanyň Parma şäheriniň uniwersitetiniň neýrobiologlary kelle beýnisinde daş – töwerekdäki adamlaryň emosional ýagdaýyny duýmaga kömek edýän aýna neýronlaryň bardygyna üns berdiler.

Köýtendagyň tebigaty — türkmeniň gadymy mirasy
29.09.21 - 18:16Taryha nazar aýlasak, türkmen halky asyrlaryň dowamynda özboluşly ajaýyp medeniýetini we onuň esasy bölegi bolan milli mirasyny döredip, gorap, ösdürip nesilden-nesillere geçirip gelipdir. Gadymy şäherler bolan Nusaýyň, Merwiň we Köneürgenjiň taryhy ýadygärlikleri türkmen halkynyň şöhratly geçmişiniň, gadymy taryhynyň bolandygyna şaýatlyk edýär.

Gaplaňgyr goraghanasy — täsinlikler dünýäsi
23.09.21 - 01:48Jenneti diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakda hem-de onuň biodürlüligini artdyrmakda goraghanalaryň ähmiýeti diýseň uludyr. Şolaryň biri-de ýurdumyzyň demirgazyk çäginde ýerleşýän Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasydyr. Ol Şasenem we Sarygamyş çäkli goraghanalary özüne birleşdirýär.

Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Saryýa KARAHANOWA: Meşhur «Dehistan» folklor toparynyň üstünlikli çykyşlarynyň syry nämede?
18.09.21 - 22:21“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Aragatnaşyk müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgüniň direktory, “Dehistan” folklor-etnografik toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, Watanymyzyň ýokary sylagy – «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medalynyň eýesi Saryýa KARAHANOWA bilen ussatnews.com gazetimiziň habarçysy söhbetdeş boldy. Şol söhbetdeşligi okyjylarymyza ýetirýäris.

Bathyz döwlet tebigy goraghanasy barha baýlaşýar
13.09.21 - 23:23Bathyz döwlet tebigy goraghanasy özüniň täsin haýwanat dünýäsi bilenem aýratyn tapawutlanýar. Goraghananyň çäklerinde ýaşaýan gulanlar, Ýeroýulanduz çöketliginiň bol ot-çöpli giňişliginde, Gyzyljaryň kert gaýalarynda gyşyn-ýazyn mesgen tutunyp ýaşaýan dag goçlary, keýikler, hemişelik ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn myhman bolýan guşlar, süýdemdirijiler, oňurgasyz jandarlar bu täsin künjege tebigatyň eçilen esasy baýlygy hasaplanylýar.

Gülşirin Öwezmämmedowa bagtyýar durmuşyň hözirini görüp baýramçylyk dabaralarynda gyzlarynyň tikýän lybaslaryny geýýär
12.09.21 - 11:13Ýerine ýetirýän aýdymlaryndaky ýakymly owaz ýaly mylaýymlyk, mähribanlyk Gülşiriniň ylhamdan pürepür dünýäsine mahsus. Onuň «Arkadag», «Watan», «Ýar onda aglar» ýaly aýdymlaryny sungaty söýüjiler uly höwes bilen diňleýärler. Ussatnews.com elektron gazetiniň okyjylarynyň islegini nazarda tutup, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçysy Gülşirin ÖWEZMÄMMEDOWA bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.

Rasim GELDIÝEW halkyň ýüreginde orun aljak täze aýdymlary döretmek maksat edýär
09.09.21 - 12:18Diňleýjileriň arasynda öz ýerine ýetirýän aýdymlarynyň labyzlylygy bilen adygan zehinli aýdymçylaryň biri «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçysy Rasim GELDIÝEWDIR. Onuň aýdýan aýdymlary, aýratyn-da ýaşlaryň göwnüni awlaýar. Ussatnews. com elektron gazetiniň okyjylarynyň islegini nazarda tutup, zehinli aýdymçy bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.

SÖZLEMEGIŇ, GÖZLEMEGIŇ, TAPMAGYŇ USSADY
04.09.21 - 17:55...Ol hut şu ussatlygy bilen türkmen telewideniýesiniň altyn hazynasyny ýene-de baýlaşdyrdy. Şol ussatlygy bilen ol döreden we alyp baran telegepleşikleriniň her birinde tomaşaçynyň ýüregine barýan ýoly, «mawy ekran» muşdaklarynyň kalbynyň teýinde ýygşyran pynhanlyklaryny «okamagy» başardy.

Türkmenistanyň halk artisti Annagül GURDOWA
10.06.21 - 06:19Aýdym adamlaryň göwün syrdaşy. Ol adamlaryň kalbyna ene hüwdüsi bilen geçýär. Enäniň mylaýym sesi çaga beýnisine mydamalyk ýazylýar. Köp adam şol sese ömürboýy maýyl bolup, aýdym-sazyň ummanynda ýüzüp başlaýar. Şeýle ynsanlaryň biri «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzasy Annagül GURDOWADYR.

Çyn sungaty döredýän Amangül GURBANOWA
03.03.21 - 19:43Türkmenistanyň at gazanan artisti Amangül Gurbanowanyň aýdymlaryny diňläniňde, onuň belent sesine, şirin owazyna maýyl bolýarsyň. Aýdymçy zenanyň ussatlyk bilen ýerine ýetirýän «Arkadag bilen», «Watan», «Söý, ezizim», «Intizar etdiň peri» ýaly aýdymlary diňleýjiler tarapyndan has-da söýlüp diňlenilýär. Biz hem «USSAT NEWS» elektron gazetiniň okyjylarynyň islegini nazarda tutup, aýdymçy zenan bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.

Begmyrat ANNAMYRADOW bagtly durmuşymyza guwanyp, täze aýdymlary döretmegi maksat edinýär
02.03.21 - 23:45Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen aýdym-saz sungaty pajarlap ösýär. Hoş owazy bilen halkyň söýgüsini gazanan aýdymçylaryň biri hem Begmyrat ANNAMYRADOWDYR. Onuň «Ýaşa, mähriban Arkadag!», «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany», «Arkadagym mähriban», «Jan enem» ýaly aýdymlary köpüň söýüp diňleýän aýdymlaryna öwrüldi. Biz hem köp sanly islegleri nazarda tutup, aýdymçy ýigit bilen söhbetdeşligi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Dursunjemal GAZAKOWA aýdýan aýdymlarynyň dünýäsinde ýaşaýar
24.02.21 - 21:32Türkmenistanyň at gazanan artisti Dursunjemal GAZAKOWANYŇ näzikden ýakymly owazynyň muşdaklary kän. Onuň «Söýüň, söýüň, Arkadagly Diýary», «Watanym», «Durnalar», «Gabanma», «Garaşýan», «Gözleriň» ýaly aýdymlary il içinde uly höwes bilen diňlenilýär. Ol aýdýan aýdymlarynyň dünýäsinde ýaşaýar. Dessançy gelin bilen USSAT NEWS elektron gazetiniň okyjylary üçin söhbetdeşlik guradyk.