
Türkmenistanyň halk artisti Nury HUDAÝGULYÝEW
18.11.20 - 19:09Sungatda ylahy güýç bar, ol ynsanlaryň kalbyna gözellik nuruny çaýýar. Sungat – halkyň ruhy dünýäsi. Ol dünýä girip, yz goýmak – uly ykbal. Şeýle zehinleriň biri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň aýdymçy-artisti, Türkmenistanyň halk artisti Nury HUDAÝGULYÝEW bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.

Türkmenistanyň halk artisti Amanbibi MÄMMEDOWA
12.11.20 - 16:57Mahmal owazly aýdymçy, Türkmenistanyň halk artisti Amanbibi Mämmedowanyň aýdymlaryny bütin durkuň bilen diňleýärsiň. Zehinli aýdymçynyň üýtgeşik owazy, döredijilik ýoly bar. Onuň ötlem-ötlem tolkunly mawy deňziň kenarynda durup aýdýan her bir aýdymy kalbyňy heýjana salýar. Ýüregi buýsançdan püre-pür zenanyň aýdymlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýany joşgunly ýaňlanýar. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Dagdan» folklor toparynyň çeper ýolbaşçysy Amanbibi MÄMMEDOWA bilen söhbetdeş boldy. Şol söhbetdeşligi okyjylarymyza ýetirýäris.

Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet SAPAROW
09.11.20 - 16:36Hakyky sungat ynsanyň kalbyny baýlaşdyrýar, dünýäsine nur çaýýar, ruhuny belende göterýär. Şirinden-şirin aýdymlary bilen halkyň aňyna ornan Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet SAPAROWYŇ «Bagt näme», «Diwana men», «Garaşarmyň Maýam maňa», «Bilmen» ýaly ajaýyp aýdymlaryny diňleýjiler uly höwes bilen diňleýärler.

Türkmenistanyň halk artisti Annaguly MYRATDURDYÝEW
03.11.20 - 15:38Sungata bolan ylahy zehin ynsana tebigy berilýär. Mahmal owazy bilen kalplara mähribanlyk paýlaýan halypa bagşymyz Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň ýokary derejeli aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Annaguly Myratdurdyýewdir.

Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet HANOW
27.10.20 - 18:23Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Hanow bilen onuň döredijiligi, maşgala durmuşy hakda söhbetdeş bolduk.

Türkmenistanyň Gahrymany Gözel ŞAGULYÝEWA
06.10.20 - 20:28Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, ussat şahyr Gözel Şagulyýewanyň döredijiligi türkmenistanlylaryň arasynda giňden meşhurdyr. Onuň Watana bolan bimöçber söýgä, çuňňur watançylyk ruhuna beslenen şygyrlary gazet sahypalarynda, žurnallarda ýygy-ýygydan çap edilýär, tele we radiogepleşiklerde, konsertlerde, döredijilik duşuşyklarynda ýaňlanýar.

Türkmenistanyň halk artisti Gülşat GURDOWA
06.10.20 - 19:59Türkmenistanyň halk artisti Gülşat GURDOWA bilen bolan söhbetdeşligimiz uzaga çekdi. Çünki sungata ýüregi bilen berlen adamda saýlap alan käri barada aýdara zat köp bolýar, sungat bolsa uç-gyraksyz täsirli dünýä. Şol täsirler seni özüne bendi edip, duýguly dünýä sary alyp gidýär.

Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat GURBANOW
12.10.20 - 22:41Gülki paýlaýan ynsanlary göreniňde biygtyýar ýylgyranyňy-da duýmaýarsyň. Dogabitdi zehiniňi dogry ulanyp, ony kämilleşdirip, halka ýetirmek bolsa, öz ukybyňa baglydyr.