Ussatlar
160642518ad5c0.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýew
31.03.21 - 08:57

Halypa artist Anna Meläýew kino we sahna eserlerinde ençeme keşbi döretdi, çeper filmlere ses bermäge gatnaşdy. Ol ýüz keşbi, hereketleri, sözleýiş äheňi bilen sahnada janlandyrýan gahrymanlarynyň häsiýet aýratynlyklaryny tomaşaça ýetirmäge ussat. Şeýdibem ol milli ýa-da daşary ýurt eserleri bolsun, tomaşaçyny döredýän keşbiniň dünýäsinde ýaşadyp bilýär.


16042753c232d2.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Suhan ORAZBERDIÝEW
05.03.21 - 23:15

Biziň gürrüňini etjek bolýan aýdymçymyz özüniň zehini, başarnygy bilen sungat ýolunda abraý gazanmagy başaran aýdymçylaryň biri Türkmenistanyň halk artisti Suhan ORAZBERDIÝEWDIR. Ol owazlar dünýäsinde ýaşaýar, onuň «Arkadag», «Türkmenistan», «Ak şäherim Aşgabat», «Gumly gelin», «Ýüregimde adyň bar» ýaly aýdymlary diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylandy. Biz elektron gazetimiziň okyjylarynyň islegini nazarda tutup, zehinli aýdymçy bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.


16040fe227d289.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Almagül NAZAROWA
04.03.21 - 20:34

Daşoguz welaýatynyň çagalar sungat mekdebiniň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolan aýdymçy zenan, dessançy bagşy Almagül Nazarowa bilen söhbetdeş bolup, onuň sungat ýoly barada beren täsirli gürrüňlerini okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik.


1603cf28fc17db.jpeg
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar EZIZOW (1940 - 1975)
01.03.21 - 18:56

Gurbannazar Ezizow 1940-njy ýylyň 1-nji martynda Gökdepe etrabynyň Söwütli obasynda Azyz (Abdylazyz) Hümmedowyň maşgalasynda dünýä inýär. Ol 1964-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini tamamlaýar. Soňra «Mydam taýýar» gazetiniň, «Pioner» žurnalynyň edebi işgäri, «Edebiýat we sungat» gazetiniň poeziýa bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň ýazyjylar birleşiginde ýaş şahyrlaryň maslahatçysy wezipelerinde işleýär.


1602fe53d30e53.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Dilber RAHMANOWA
19.02.21 - 21:20

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bedew batly ösüşlerini, dogduk diýarymyzyň ajaýyp tebigatyny, päk söýgini wasp edip, sungat äleminde halkymyzyň söýgüsini gazanmagy başaran aýdymçylaryň biri hem Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Medeniýet merkeziniň aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Dilber Rahmanowadyr.


1602a5f5d9e4cd.jpeg
Ýagşygeldi Kakaýewiň ýadygärligi ebedileşdirildi
15.02.21 - 13:02

Mukaddes garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny zähmet üstünlikleri bilen garşylaýan eziz Watanymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerinde, ýaşlary ata-babalarymyzyň milli däplerine laýyklykda terbiýelemekde ýaşuly nesliň bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty bar.


1602bdef06d65c.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Halbike DOWYÝEWA
16.02.21 - 20:04

«Her gülüň öz ysy bar» diýlişi ýaly, sungat äleminde-de her kimiň öz ýoly, öz dünýäsi bar. Sungat diýlen ajaýyp mukaddeslige her kimiň öz garaýşy, öz çemeleşişi bolýar. Hormatly Prezidentimiziň medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegine uly üns bermegi netijesinde aýdymçylarymyzyň, sazandalarymyzyň, sahna ussatlarynyň öz hünärine bolan söýgüsi has-da artdy. Mylaýym sesi bilen diňleýjileri özüne maýyl edýän hoş owazly bagşy zenan Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň ýokary derejeli aýdymçy artisti, sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti Halbike Dowyýewadyr.


15ff6f45616e92.jpeg
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Nurgözel GOZLYÝEWA
07.01.21 - 16:45

Çeper döredijilikde özboluşlylygy bilen tapawutlanýan zehinli şahyrlarymyzyň biri Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, «Gaýrat» medalynyň eýesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň iki gezek ýeňijisi, ýazan goşgularynyň tas ählisi diýen ýaly aýdyma öwrülen, Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň ýanyndaky Teatr studiýasynyň režissýory bolup zähmet çekýän Nurgözel Gozlyýewadyr.


15fd9c5c407b85.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Baýrammyrat SÖÝÜNOW
16.12.20 - 13:30

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkezinde sungat ussatlarynyň ençemesi döredijilikli zähmet çekýär. Merkeziň halk saz gurallary ansamblynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Baýrammyrat SÖÝÜNOW hem şolaryň biridir. Biz ýakynda bu halypa sazanda bilen duşuşyp, onuň bilen söhbetdeş bolduk.


15fd6342678cf6.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Sahydursun HOJAKOWA
13.12.20 - 20:32

Mahmal owazly aýdymçyny diňläniňde, durna gözli çeşmeleriň şirinden-şirin şildireýşi ýadyňa düşýär. Çeşmeleriň her bir gaýany ýuwup-ýylmap, gatbar-gatbar daşlary yzarlap zemin sary atygsaýşy ýaly, aýdymçynyň jadylaýjy mukamy hem on iki süňňüňi elendirip, kalbyňy heýjana salýar.


15fd25aeecb68f.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Orazgül APBASOWA
10.12.20 - 22:29

Türkmen teatr sungaty diýlende, ilki bilen kalbyňda hemişelik orun tutan halypa artistleriň keşpleri birin-birin göz öňüňden geçýär.


15fce3cc135d3a.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat ÇARYÝEW
07.12.20 - 19:31

Zehinini sungata siňdirip, diňleýjileriň söýgüsine mynasyp bolan halypa, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Akmyrat ÇARYÝEW bilen bolan söhbetdeşlikde onuň ýüreginden çykýan joşgunly sözleri köňlüňe mylaýymlyk bagyş edýär.


15fe99e7e5d482.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Altyn GOŞAÝEWA
05.12.20 - 09:57

Ýurdumyzda giňden tanalýan, mahmal owazly aýdymçy Altyn Goşaýewa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň sungat ussatlarynyň biri hökmünde tanalýar. Onuň hiç kimiňkä meňzemeýän, kalplara lezzet paýlaýan mahmal owazy, ýerine ýetiriş ussatlygy bar.


15fc8a67651710.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Kakadurdy TÄJIMOW
03.12.20 - 13:48

Diňleýjilerini ajaýyp owazy bilen özüne imrindirip, ynsan göwünlerini galkyndyryp bilýän ussat aýdymçylarymyzyň biri-de Türkmenistanyň halk artisti Kakadurdy TÄJIMOWDYR. Ol «Arkadag bilen», «Ýaşa, Arkadag», «Döwlet senden sowulmasyn», «Awaza gel, Awaza», «Göresim gelýär», «Nurana Aý», «Aýdym bolup galaýyn», «Myhman bolsam», «Aýrylmadymy», «Gökdepäm» ýaly meşhur aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýär.


15fbd1f8e0965e.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Läle BEGNAZAROWA
24.11.20 - 19:58

Aýdym-sazyň inçe syrlaryny ele almak, kämilleşmek üçin irginsiz zähmet çekmeli bolýar. «Jan Türkmenistan», «Sährasynda türkmeniň», «Arkadagyň ak ýollary» «Käbäm ejem», «Seni göresim gelýär», «Ýaşlyk», «Unutma», «Sorama» ýaly aýdymlary bilen halkymyzyň söýgüsini gazanan aýdymçylaryň biri hem Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň «Altyn menzil» folklor, aýdym-saz toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowadyr.