Habarlar
16330308d2ef37.jpeg
Balkan, Daşoguz, Lebap, we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleriniň binalary açyldy
25.09.22 - 15:42

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda Balkan, Daşoguz, Lebap, we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleriniň binalarynyň açylyş dabaralary baýramçylyk wakalarynyň öwüşginini has-da artdyrdy.


1632ef4ea9ba5c.jpeg
Daşoguz welaýatynyň gazçylary güýz-gyş möwsümine taýýarlyk görmegi dowam edýärler
24.09.22 - 17:15

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk jemgyýetiniň gazçylary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllyk toýuna uly zähmet üstünlikleri bilen barýarlar. Şu ýylyň 8 aýynda kärhananyň işgärleri uzynlygy 550 km töweregi bolan dürli basyşly bitewi gaz ulgamynyň durnukly işini üpjün etmegiň hötdesinden geldiler. Şeýle hem 445 sany gaz paýlaýjy we gaz sazlaýjy desgalaryň sazlaşykly işi ýol goýuldy.


1632dd2c4c07b1.jpeg
TNGIZT Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisinde nebithimiýa önümlerini hödürledi
23.09.22 - 20:37

20-21-nji sentýabrda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli guralan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ekspozisiýasy görkezildi.


1632ad336cdbf5.jpeg
Aşgabatda geçirilen sergi ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi
21.09.22 - 10:02

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň iki günlük sergisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda depginli ösýän milli ykdysadyýetimiziň üstünlikleriniň hem-de mizemez kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.


16329e60d2c503.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
20.09.22 - 11:10

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1632866a0318be.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
19.09.22 - 17:54

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 30 million 782 müň 850 dollaryna barabar boldy. Söwdalaryň barşynda jemi 52 sany geleşik hasaba alyndy.


16321ce7bdf0ef.jpeg
Eni 2022-nji ýylda nebitiň barreliniň bahasy boýunça çaklamasyny 105 dollara çenli ýokarlandyrdy
14.09.22 - 17:52

Eni kompaniýasynyň ýolbaşçylary Brent nebitiniň 2022-nji ýylda binýatlyk bahasynyň çaklamasyny 80 dollardan 105 dollara çenli ýokarlandyrdy we ýylyň jemleri boýunça öz nebit we gaz önümçiliginiň çaklamasyny ýaramazlaşdyrdy diýip, Interfaks habar berýär.


1631f68bd61df7.jpeg
Sekiz aýda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% derejede saklanýar
12.09.22 - 22:13

2022-nji ýylyň 8 aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş derejesi 6,2% derejede saklanýar. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýtdy.


1631f58ef7f439.jpeg
Sekiz aýyň jemlerine garaldy
12.09.22 - 21:06

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


1631f4bdaf2d7d.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
12.09.22 - 20:10

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy.


1631dae9f2cb5a.jpeg
Kerki etrabyň ilatly ýerleri we senagat kärhanalary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilýär
11.09.22 - 14:47

Hormatly Prezidentimiz halkyň bähbidini hemme zatdan ileri tutýar, ilatyň abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen çäreleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Şonuň netijesinde düýpli özgerişler bolup geçýär. Muňa Kerki etrabynyň mysalynda hem doly göz ýetirmek bolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda diňe ilatly ýerleri gazlaşdyrmak bilen baglanyşykly ýerine ýetirilen işler-de haýran galdyryjydyr.


1631c672f12cc5.jpeg
Ýurdumyzda pagta ýygymy möwsümi başlandy
09.09.22 - 15:30

Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 7-nji sentýabrda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň we hormatly ýaşulular tarapyndan ak pata bermegi bilen, pagta ýygymy möwsümi başlandy. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna 14-nji sentýabrda girişiler.


16319d6e1bd063.jpeg
Mary şäheriniň gaz üpjünçiliginde bökdençlik bolmaz
08.09.22 - 16:49

Gyş pasly ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryna döwletimiz tarapyndan berilýän eşretleriň biri bolan tebigy gazyň ýylyň beýleki pasyllaryna garanyňda köp sarp edilýän döwri hasaplanylýar. Şoňa görä, «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň şäher, etrap gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary jogapkärli möwsümde gaz üpjünçiliginde bökdençligiň bolmazlygy üçin häzirki günlerden öz işlerini takyk hem-de sazlaşykly guraýarlar.


16319c41d71d3a.jpeg
«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýerli işewürligi hyzmatdaşlyga çagyrýar
08.09.22 - 15:29

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen BAE-niň Abu-Dabi ösüş gaznasy bilen bilelikde dünýä tejribesine laýyklykda döredilen «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistandan işewürleri hyzmatdaşlyga çagyrýar.


16319bddeea76f.jpeg
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
07.09.22 - 15:03

Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.