Habarlar
162a80d6cada32.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada geçirilen türkmen-rus gepleşikleriniň netijelerine ýokary baha berdi
14.06.22 - 09:19

10-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapar amala aşyrdy. Saparyň dowamynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.


162a80b699cd17.jpeg
Türkmenistan we Russiýa energetika hem-de ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňelder
14.06.22 - 09:15

Türkmenistan we Russiýa energetika hem-de ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňelder diýlip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Moskwa resmi saparynyň barşynda gol çekilen Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnamada bellenilýär.


162a80a30c6425.jpeg
«Türkmengaz» DK «Altavista F.Z.C» (BAE) kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
14.06.22 - 09:10

«Türkmengaz» döwlet konsernine himiki serişdeleri, katalizatorlary we keramiki şarlary satyn almak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň «Altavista F.Z.C» kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi. Degişli resminama Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.


162a44cf0c194e.jpeg
Merkezi Aziýa ýurtlary we Hytaý sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagy meýilleşdirýärler
11.06.22 - 13:06

Gazagystanyň Nur-Sultan şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynda Daşary işler ministrleriniň Üçünji maslahaty tamamlandy. Onuň netijeleri boýunça sebit hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


162a4438a6d29e.jpeg
Türkmenistanyň we Gazagystanyň DIM-niň ýolbaşçylary Hazar sammitine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdylar
11.06.22 - 12:26

Sişenbe güni Türkmenistanyň wekiliýetiniň Merkezi Aziýanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde Nur-Sultanda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


162a41ff3c0b07.jpeg
Türkmenistanyň we HHR-niň DIM-niň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
11.06.22 - 09:54

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen sişenbe güni geçiren gepleşikleriniň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleler toplumyny ara alnyp maslahatlaşdy. Hususan-da ýokary döwlet derejesinde öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


162a359e61b94c.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary
10.06.22 - 14:05

10-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary başlady. Hormatly Prezidentimiziň uçary Moskwanyň «Wnukowo-2» Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.


162a2b7d91ef1d.jpeg
Türkmenistan sanly ulgam arkaly GDA gatnaşyjy döwletleriň Ýaşlar parlamentara forumyna gatnaşýar
10.06.22 - 08:17

9-nji iýunda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly GDA gatnaşyjy döwletleriň Ýaşlar parlamentara forumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde “Ýaş parlamentariler — Arkalaşygyň geljegine garaýyş” atly şygar astynda geçýär.


162a0edc494086.jpeg
Türkmenistanyň we RF-niň DIM-niň ýolbaşçylary ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklara we Hazar sammitine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy
08.06.22 - 23:43

Duşenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


162a0ea607e030.jpeg
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklary Türkmenistanyň Prezidentiniň RF saparynyň meselelerini maslahatlaşdylar
08.06.22 - 23:28

Duşenbe güni Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Onuň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Prezidenti S.Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyrjak resmi sapary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.


1629f71f2e4bc4.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň birinji orunbasaryny kabul etdi
07.06.22 - 20:42

6-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça toparynyň başlygy hanym Amina Mohammedi kabul etdi.


1629f69e2d8344.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti: bäş aýyň jemi ýurdumyzyň depginli ösüşine aýdyň şaýatlyk edýär
07.06.22 - 20:08

Kabul edilen ähli durmuş maksatnamalary üstünlikli amal edilýär. Hökümetimiziň we halkymyzyň guramaçylykly işi netijesinde jemi içerki önümiň ösüşi geçen bäş aýda 6,2 göterim möçberde boldy. Bu barada Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň geçen şenbe güni geçirilen bilelikdäki giňişleýin mejlisinde belledi.


1629e2306bfab1.jpeg
Türkmenistanyň içerki bazarynda haryt bolçulygyny üpjün etmek
06.06.22 - 20:53

Türkmenistanyň içerki bazarynda haryt bolçulygyny üpjün etmek.


1629d81655b21c.jpeg
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Gurbandurdy Baýramdurdyýewiň üstüne ýüklenildi
06.06.22 - 09:24

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Gurbandurdy Baýramdurdyýewiň üstüne ýüklenildi.


1629d6f48a43eb.jpeg
Begmyrat Arazow Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly
06.06.22 - 08:06

Işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Begmyrat Arazow Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly