Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergä gatnaşyjylary gutlady
21.09.21 - 12:32Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergä gatnaşyjylary gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
20.09.21 - 13:52Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi we Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar etdi:
Türkmenistanyň Prezidenti uly topary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana gol çekdi
20.09.21 - 08:15Ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, adamlaryň raýatlygy erkin saýlap almak hukugyny nazara almak bilen, şeýle hem «Türkmenistanyň raýatlygy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi.
Aral boýunça Türkmenistanyň Milli maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy
18.09.21 - 14:07Bu barada 16-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine gatnaşdy
18.09.21 - 06:4017-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.
Türkmenistan Abu-Dabiniň Ösüş gaznasy bilen täze maýa goýmak we karzlary çekmek boýunça taslamalara gol çekerler
17.09.21 - 19:08Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 16-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň wekiliýetiniň şu ýylyň 27-nji awgusty — 2-nji sentýabry aralygynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasyny 2021-nji ýylda saklamak üçin çykdajylaryň sanawyny hem-de şu wekilhananyň wezipe sanawyny tassyklady
17.09.21 - 09:13“Diplomatik gulluk hakyndaky” we “Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasyny işgärler bilen berkitmegi we olaryň öz üstüne ýüklenen wezipelerini netijeli ýerine ýetirmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
16.09.21 - 19:29Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri Boris Jonsona ejesi — hanym Şarlotta Jonson Walyň biwagt aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny ýollady.
Türkmenistan Owganystanda durmuş desgalaryny gurýar, yzygiderli ynsanperwer kömekleri iberýär - DIM
15.09.21 - 22:33Türkmenistan Owganystanda durmuş maksatly desgalary gurýar, yzygiderli ynsanperwer köneklerini iberýär diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Sekiz aýyň jemlerine garaldy
13.09.21 - 18:24Şu gün — 13-nji sentýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda sanly ulgam arkaly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
2022-nji ýylda ýurdumyzda aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary köpeldiler
11.09.21 - 20:1210-njy sentýabyrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýeriň hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Döwlet býujeti boýunça teklipleri taýýarlamagy Ministrler Kabinetiniň garamagyna bermegi tabşyrdy. Baş maliýe meýilnamasynyň taslamasynda geljek ýylda aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň ortaça 10 göterim köpeldilmegi göz öňünde tutulmalydyr.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni bilen gutlady
11.09.21 - 11:06Sizi Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistan-BMG: energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk
09.09.21 - 07:09Ýakyn wagtda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky, 76-njy mejlisi açylar, omuň gün tertibi halkara gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryna diýen ýaly degişli meseleleri gurşap alýar.
Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna taýýarlyk görmek we oba hojalyk işlerini geçirmek boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy
07.09.21 - 17:556 sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
07.09.21 - 14:24Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Žair Bolsonarua hem-de onuň üsti bilen ýurduň ähli dostlukly halkyna Braziliýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.