
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Saryýa KARAHANOWA: Meşhur «Dehistan» folklor toparynyň üstünlikli çykyşlarynyň syry nämede?
18.09.21 - 22:21“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Aragatnaşyk müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgüniň direktory, “Dehistan” folklor-etnografik toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, Watanymyzyň ýokary sylagy – «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medalynyň eýesi Saryýa KARAHANOWA bilen ussatnews.com gazetimiziň habarçysy söhbetdeş boldy. Şol söhbetdeşligi okyjylarymyza ýetirýäris.

«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe himiýa senagatynda innowasion özgertmeler» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
17.09.21 - 01:17«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli sanly ulgam arkaly «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe himiýa senagatynda innowasion özgertmeler» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Bathyz döwlet tebigy goraghanasy barha baýlaşýar
13.09.21 - 23:23Bathyz döwlet tebigy goraghanasy özüniň täsin haýwanat dünýäsi bilenem aýratyn tapawutlanýar. Goraghananyň çäklerinde ýaşaýan gulanlar, Ýeroýulanduz çöketliginiň bol ot-çöpli giňişliginde, Gyzyljaryň kert gaýalarynda gyşyn-ýazyn mesgen tutunyp ýaşaýan dag goçlary, keýikler, hemişelik ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn myhman bolýan guşlar, süýdemdirijiler, oňurgasyz jandarlar bu täsin künjege tebigatyň eçilen esasy baýlygy hasaplanylýar.

GARAŞSYZLYK— ARKADAGLY WATANYMYZYŇ GANATY
12.09.21 - 21:111991-nji ýylyň sahawatly altyn güýzi türkmen halkyna GARAŞSYZLYK atly uly bagty peşgeş berdi. Ýurt Garaşsyzlygy gazanylandan soň, ähli ulgamlarda ösüşler ýyldyrym çaltlygynda öňe ilerledi.

Gülşirin Öwezmämmedowa bagtyýar durmuşyň hözirini görüp baýramçylyk dabaralarynda gyzlarynyň tikýän lybaslaryny geýýär
12.09.21 - 11:13Ýerine ýetirýän aýdymlaryndaky ýakymly owaz ýaly mylaýymlyk, mähribanlyk Gülşiriniň ylhamdan pürepür dünýäsine mahsus. Onuň «Arkadag», «Watan», «Ýar onda aglar» ýaly aýdymlaryny sungaty söýüjiler uly höwes bilen diňleýärler. Ussatnews.com elektron gazetiniň okyjylarynyň islegini nazarda tutup, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçysy Gülşirin ÖWEZMÄMMEDOWA bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.

Rasim GELDIÝEW halkyň ýüreginde orun aljak täze aýdymlary döretmek maksat edýär
09.09.21 - 12:18Diňleýjileriň arasynda öz ýerine ýetirýän aýdymlarynyň labyzlylygy bilen adygan zehinli aýdymçylaryň biri «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçysy Rasim GELDIÝEWDIR. Onuň aýdýan aýdymlary, aýratyn-da ýaşlaryň göwnüni awlaýar. Ussatnews. com elektron gazetiniň okyjylarynyň islegini nazarda tutup, zehinli aýdymçy bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy yglan edildi
08.09.21 - 12:19Geçen aýyň 27-sine hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde üstümizdäki sentýabr aýyndan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça biraýlygyň yglan edilýändigi habar berildi.

SÖZLEMEGIŇ, GÖZLEMEGIŇ, TAPMAGYŇ USSADY
04.09.21 - 17:55...Ol hut şu ussatlygy bilen türkmen telewideniýesiniň altyn hazynasyny ýene-de baýlaşdyrdy. Şol ussatlygy bilen ol döreden we alyp baran telegepleşikleriniň her birinde tomaşaçynyň ýüregine barýan ýoly, «mawy ekran» muşdaklarynyň kalbynyň teýinde ýygşyran pynhanlyklaryny «okamagy» başardy.

Hormatly Prezidentimiz pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi
05.09.21 - 14:31Şu ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda möhüm möwsüm bolan pagta ýygymyna köpçülikleýin girişilýär. Köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtyň içinde, ýitgisiz ýygnap almak merdana daýhanlarymyzyň esasy wezipesi bolup durýar.

Garaşsyzlyk — halkymyzyň milli buýsanjy
20.08.21 - 10:10Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä esaslanyp, ýurdumyzyň ösüş aýratynlygy we döwletimiziň ileri tutýan wezipeleriniň ählisi jemgyýetçilik ösüşiniň ýeke-täk maksadyna, ýagny adam hakyndaky alada gönükdirilýär.

Iň arzyly Olimpiada
10.08.21 - 19:17Medallary, münberleri, ýeňişleri, utulyşlary, şatlyklary, ahmyrlary, garaşylan we garaşylmadyk netijeleri bilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary taryha siňdi.

Nebitgaz pudagyny ösdürmek – ykdysadyýetiň ösmeginiň esasy şerti
03.08.21 - 13:549-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumyny has-da ösdürmek boýunça birnäçe möhüm wezipeleri kesgitledi.

Göwün päkliginiň Gurban baýramy
19.07.21 - 13:43Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň 20-21-22-nji iýulynda halkymyz Gurban baýramyny agzybirlikde, ruhubelentlikde beller. Gurbanlyk bagtyýar halkyň agzybirligini, jebisligini, azat, erkana durmuşyny, ynsana goýulýan belent sarpany aňladýar. Şeýle-de Gurban baýramy adamlaryň ýüreginde birek-birege mähremlige, dost-doganlyga bolan duýgyny berkidýär.

11-nji iýulynda dünýäniň dürli künjeklerinde Bütindünýä şokolad güni bellenilip geçilýär
11.07.21 - 00:48Her ýylyň 11-nji iýulynda dünýäniň dürli künjeklerinde Bütindünýä şokolad güni bellenilip geçilýär. Bütindünýä şokolad güni 1995-nji ýylda ilkinji gezek Fransiýada bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk “Süýtli şokolad güni”, “Ak şokolad güni” ýaly dürli atlar bilen hem atlandyrylýar.

Mekan Rejepowyň ekiz perzentleriniň dünýä inen güni iň bagtly güni boldy
09.07.21 - 00:01Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kalby joşgunly, zehinli aýdymçylaryň biri hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçysy Mekan Rejepowdyr.