Makalalar
1606dc87e957b4.jpeg
Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy BERDIÝEW
07.04.21 - 19:58

Sungatyň dürli ugurlaryny özünde jemleýän sahna oýunlarynyň şowly çykmagy ilki bilen režissýoryň yhlasly zähmetine bagly. Gowy eseri saýlap almak, eseriň gahrymanlarynyň daş keşbine, häsiýetine gabat gelýän artistlere keşpleri paýlamak, şeýle-de eseriň edebi esasynyň awtory, saz hem sahna, yşyk bezegçileri bilen düşünişip işleşmek režissýordan başarjaňlygy talap edýär.


1606c9dcf88364.jpeg
Türkmenistanyň at gazanan artisti Enejan AKMYRADOWA
06.04.21 - 22:43

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Enejan Akmyradowa indi kyrk bäş ýyldan gowurak şu baýry medeni ojagyň sahnasynda zähmet çekip gelýär. Zähmet ýoluny, manyly ömrüni sahna sungaty bilen baglan ussat artist şol ýyllaryň içinde teatryň sahnasynda dürli ýaşdaky, dürli gylyk-häsiýetli zenan keşpleriniň 100-e golaýyny ussatlyk bilen janlandyrdy.


1606c91ebe9064.jpeg
Aýsoltan KOWUSOWANYŇ durmuş we döredijilik ýoly
06.04.21 - 21:37

Ýurdumyzyň teatrlarynda milli eserlerimiz bilen bir hatarda, doganlyk halklaryň eserleri hem sahnalaşdyrylýar. Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda özbek dramaturgy Nurullo Abbashanyň Türkmenistanyň halk artisti Nury Hudaýgulyýew tarapyndan sahnalaşdyrylan «Körpe gelin» atly komediýany tomaşaçylar tarapyndan şowhunly garşy alyndy. Onda körpe gelniň gaýynenesiniň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýsoltan KOWUSOWA ussatlarça janlandyrmagy başardy.


1606b63d379efb.jpeg
KÜŞTDEPDI – MILLI MIRASYMYZ
06.04.21 - 00:24

Türkmen halky gadymy bolmak bilen bir hatarda milli gymmatlyklara baý halk hasaplanýar. Taryhyny geçmişiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan şol gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, nesillere ýetirmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.


1606956569d3e5.jpeg
Ajaýyp döwrümiziň aýdymçysy Arslan SAPAROW
04.04.21 - 11:01

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň zehinli aýdymçysy Arslan Saparowyň ýerine ýetirýän «Gözleriň gara dälmi», «Pagtaçy gözel», «Arkadagly Watanym», «Ah, söýgi», «Sen bilen, söýgülim» ýaly aýdymlary diňleýjileriň göwün güzerinde düşleýär. Biz hem okyjylarymyzyň isleglerini göz öňünde tutup, zehinli aýdymçy bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.


1606953a68d1fe.jpeg
Ozokeritiň nämedigini bilmek gyzykly bolsa gerek
04.04.21 - 10:49

Ozokerit ýokary parafinli nebitleriň we agyr gaz kondensatlarynyň differensasiýasynyň netijesinde emele gelýär. Ozokeritiň uly känleri Günbatar Türkmenistandan başga-da, Özbegistanyň Fergana welaýatyndaky, Ukrainanyň Karpat dag etegindäki, esasan, alp gatlaklylygy öz içine alýan sebitler bilen baglydyr.


16068b739e9c62.jpeg
Çagalykdan aýdym-sazyň dünýäsine aralaşan Täşli TULEGENOW
03.04.21 - 23:43

Çagalykdan aýdym-sazyň dünýäsine aralaşan, ajaýyp owazy bilen ýaşlaryň söýgüsini gazanan aýdymçy ýigitleriň biri hem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Täşli Tulegenowdyr. Onuň «Bibi», «Sonam geldimi», «Bäri gel, bäri», «Ýagma, bulut», «Arabyň gyzy» ýaly aýdymlaryny diňleýjiler uly höwes bilen diňleýärler.


16067589685e8d.jpeg
Ylma baglanan ömür
02.04.21 - 22:47

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Fizika-matematika, himiýa, geologiýa we tehniki ylymlar müdirliginiň başlygy, akademik kätip, TYA-nyň habarçy-agzasy, tehniki ylymlaryň doktory Rahmanguly ESEDULAÝEW häzirki günde ýurdumyzda gaz känlerini işläp geçmek boýunça iň tejribeli hünärmenleriň biri hökmünde tanalýar. Halypa alymyň geçen zähmet we döredijilik ýoluna ýyllaryň belentliginden ser salsaň, onuň türkmen ylmyna goşan goşandy hakynda söhbet açmaga esas berýär.


16067330fceeb9.jpeg
"Aşgabat gözelligiň şäheri" atly sergi guraldy
02.04.21 - 20:06

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz gün-günden gözelleşýär. "Türkmenistan - Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" diýlip yglan edilen ýylda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk baýramy giňden dabaraly ýagdaýda bellenilip geçiler. Bu baýram mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dabaralar, sergiler yzygiderli guralýar.


160600bc3f29c4.jpeg
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary geçirilýär
28.03.21 - 09:53

Şu gün, ýangy 2021-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary geçirilýär. Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylgynda ýurdumyzyň milli kanunçylyk ulgamyny berkitmekde uly işler alnyp barylýar.


1605f7d210f773.jpeg
Şirin owazly aýdymçy Döwletmämmet GURBANOW
27.03.21 - 23:44

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Nebitçiler medeniýet köşgünde Watanymyzyň ösüşli menzilleriniň waspyny ýetirmekde döwrebap işler alnyp barylýar. Medeniýet, sungat işgärleri kalbynda hoşallyk, ruhubelentlik duýgusyny goşalandyryp, döwrüň sesine ses goşup, öz döredijiliklerinde milli mirasymyzy wasp etmeklige uly orun berýärler, döwrebap derejede ösdürmeklige öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olaryň biri Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletmämmet GURBANOW.


1605f69e3f0857.jpeg
Bathyzda sekiz ýüz ýyl ýaşan pisse ösümligi dört müň gektar meýdany tutýar
27.03.21 - 22:22

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň çäginde ýerleşýän Bathyz döwlet tebigy goraghanasy özboluşly, baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen aýratyn tapawutlanýan künjekleriň biri.


1605e2ecceb67e.jpeg
Aýdymda Şöhrat SAPAROWYŇ dünýäsi
26.03.21 - 19:14

Hakyky sungat ynsanyň kalbyny baýlaşdyrýar, dünýäsine nur çaýýar, ruhuny belende göterýär. Sungat gözellik döredýär. Ýollaryň iň gözeli ynsan kalbyna barýan ýoldur. Aýdym-saz sungatynyň ussatlary hem öz aýdymlary bilen adamlaryň kalbynda uly joşgun döredýär.


16056091125c0b.jpeg
Parahatçylyk we asudalyk dünýä ýüzünde dabaralanýar
20.03.21 - 19:39

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda 2021-nji ýyl “Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edildi.


16055faa9ab932.jpeg
Çagalygyndan aýdym-sazyň dünýäsinde ýaşaýan Maksat TUWAKOW
20.03.21 - 18:37

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent perdeden gopýan aýdym-sazlarymyzda göwün guşumyzy al-asmana galdyrýan, kalbymyzy jadylaýan täsin gudratly güýç bar. Çagalykdan aýdym-sazyň dünýäsinde ýaşap, hoş owazy bilen ýaşlaryň söýgüsini gazanan, Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçysy Maksat TUWAKOWYŇ aýdymlaryny diňläniňde hem şeýle duýgulary başdan geçirýärsiň. Onuň «Küştdepdi», «Saňa bagly», «Az görme», «Aýly agşam» ýaly aýdymlary diňleýjileriň söýgüsini gazanmagy başardy.